Yslamdan soňky döwürde Eýran edebiýaty  (Eýran şygryýeti)

Eýran edebiýatynyň yslamdan soňky döwri  samaniler ýa-da “farsi-däri”,  diýlip atlandyrylýan döwürden başlaýar. Edebiýatyň bu döwürde gülläp ösmegi Rudaki we Ferdöwsi ýaly beýik şahyrlaryň Horasanda we Mawerannahrda ýüze çykmagy bilen başlaýar.  Bu döwrüň poeziýasynyň esasy görnüşleri ilki bilen kasyda, soňra kytta,  mesnewi  we rubagy bolupdyr.

Gaznalylar döwrüniň  “däri” dilindäki  poeziýasy sözleriň owadanlygy we many taýdan kämillige ýakyn bolupdyr, ýöne bu döwrüň şahyrana eserleriniň arasynda Ferdöwsiniň  “Şanama” atly epiki poemasy döwrüň iň ajaýyp nusgasy bolup durýar.

Seljuklaryň hökümdarlygynyň başlanmagy bilen, kasyda ýazmak  usuly ýönekeýlik we  aýdyňlyk stilinden  ritorika  stiline  öwrüldi. Bu döwürde sopuçylyk  we ahlak meseleleriniň beýany giňden ýaýrady.  Sanaýi Gaznawi  we  Şeýh Attar Nişapuri ýaly şahyrlaryň şygryýeti munuň aýdyň mysalydyr. Nyzamy  Genjewi hem bu döwrüň iň beýik şahyrlarynyň  biridir.

Mongollar Eýrana çozandan soň Pars poeziýasynyň merkezi  Horasandan Eýranyň merkezi sebitlerine geçirildi.  Munuň netijesinde  pars poeziýasynda möhüm özgerişleriň  bolup geçmegi bilen sopuçylyk poeziýasy kämillik derejesine ýetdi. Bu döwrüň iň köp ýaýran goşgy düzüliş formalaryň görnüşleri  mesnewi  we gazal bolupdyr.  Saady (Sagdy), Möwlana we Hafez  ýaly pars  edebiýatynyň beýik şahyrlary bu döwrüň  öçmejek ýyldyzlarydyr.

Timuridler  döwründe pars poeziýasy beýle bir gülläp ösmedi. Bu döwrüň iň meşhur şahyry Abdyrahman Jamydyr.

Sefewiler döwletiniň döremegi bilen poeziýa we şahyrlara üns azaldy we şahyrlaryň köpüsi Hindistana göçdi. Şeýlelik bilen pars poeziýasynda "hindi stili" diýlip atlandyrylýan täze stil döredildi. Bu döwrüň şahyrlarynyň arasynda Wahşy  Bafgi we Kalim  Kaşani hakda ýatlap bolar.

Irki Gajarlar  döwründe şahyrlaryň arasynda  Yragyň “Ajam”  we Horasanyň gadymy stillerine gaýdyp gelmek baradaky  pikir ýaýrap başlady, netijede "Galkynyş mekdebi" atly bir edebiýat mekdebi döredildi we pars poeziýasynda "hindi stili" gowşady. Wesal Şyrazy  we  Forugi Bästami bu döwrüň şahyrlary. Mirzade Eşgi, Pärwin Etesami we Muhammet Tagy Bahar ýaly şahyrlar konstitusiýa döwrüň  edebiýatynyň düýbüni tutdular. Şu wagtdan eýran edebiýatynyň häzirki döwri başlaýar. Nima Ýuşyj  tarapyndan girizilen düýpli üýtgeşmelerden soň häzirki zaman pars poeziýasy ösüşiň täze tapgyryna gadam basdy. Sekiz onýyllygyň dowamynda Ahmad Şamlu, Mehdi Ahawan Sales, Sohrab Sepehri we  başga şahyrlaryň  eserleriniň esasynda häzirki zaman pars poeziýasy kämilleşýär.

Ady Yslamdan soňky döwürde Eýran edebiýaty (Eýran şygryýeti)
Ýurt Eýran
TemplateOrganized

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: