Edeýiýat/ Bustan

Edeýiýat/ Bustan

Edeýiýat/ Bustan

Ýedinji asyryň Eýranyň meşhur şahyry we ýazyjysy Saadiniň ilkinji eseri hasaplanylýan bu poema Mesnewi äheňinde on bölümde ýazylyp, Ferdowsiniň “Şahname” eserine esaslanýar we jemgyýetçilik we öwrediji hekaýalar görnüşinde ahlak taýdan nesihat beriji  meseleleri we şahyryň ideallaryny öz içine alýar.

Bu poemany “Saadinameh” diýip atlandyran Saadi, VII asyryň ortalarynda Saad Zanginiň ogly Atabak Abu Bakryň ady bilen 5000 töweregi bent bilen  tamamlapdyr. Onuň on bölümi şu temalary beýan edýär: adalat we ynsap, hoşniýetlilik we bagyşlamak, söýgi we serhoşlyk, pespällik we sadalyk, boýun egmek we razylyk, terbiýe däbi, saglyk üçin minnetdarlyk, toba we bagyşlamak, dogalar we kitabyň soňy.

Belki, “Bustany” diňe bir pars dilinde däl, eýsem başga dilde-de sözleýiş, erkin gürlemek, gözellik, paýhas we bilim taýdan deňi taýy bolmadyk bir eser  diýip  aýdyp bolar. Bu poema Sanaýiniň  “Hadir al-Hakika” (6-njy asyr) eseriniň manylaryň hemmesini öz içine alýan hem bolsa, ýöne şahyrana tarapy has köpdir we bu Mesnewi şygyrýetinde  täzeçillik hasaplanýar. Saadi “Bustanda” gözleýän utopiýasyny suratlandyrdy. “Bustanda” gözleýän dünýäsi, Hudaýa iman, ýagşylyk we arassalyk, hakykat we päkizelik, ýagtylyk we hakykat dünýäsidir.

“Bustan” dünýäniň dürli dillerine terjime edildi. Ser William Jones (Sir William Jones) ony iňlis we Karl Genrih Graf bolsa nemes  diline terjime etdi.  Oňa türk we pars dillerinde teswir ýazyldy.

“Bustanyň” iň köp gözden geçirlen neşiri Golamhossein Ýosufiniň redaktirlän nusgasydyr.

Ady Edeýiýat/ Bustan
Ýurt Eýran
AwtorSaadi
Önümçilik wagty

Ýedinji asyryň Eýranyň meşhur şahyry we ýazyjysy Saadiniň ilkinji eseri hasaplanylýan bu poema Mesnewi äheňinde on bölümde ýazylyp, Ferdowsiniň “Şahname” eserine esaslanýar we jemgyýetçilik we öwrediji hekaýalar görnüşinde ahlak taýdan nesihat beriji  meseleleri we şahyryň ideallaryny öz içine alýar.

TemplateOrganized

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: