Sagdynyň “Gülüstan” eseri sazlaşykly pars prozasynyň nusgawy mysalydyr (hijri-şemsi ýyl hasaby boýunça 636 ýylda / 1258 ýylda ýazylan).
“Gülüstan” eseri öwüt-nesihat häsiýetine eýedir. Bu eser ahlak, jemgyýetçilik, dini mazmunlaryny öz içinde jemleýär we hoş labyzly hekaýalardan düzülen. “Gülüstan” sözbaşydan, sekiz bapdan ybaratdyr. Baplar şeýle atlandyrylýar:
- Patyşalaryň sypaty hakynda
- Derwüşleriň gylygy hakynda
- Kanagadyň artykmaçlygy hakynda
- Geplemezligiň peýdasy barada
- Söýgi we juwanlyk hakynda
- Mejalsyzlyk we garrylyk hakynda
- Terbiýäniň täsiri hakynda
- Söz we söhbet däpleri hakynda
Sagdy “Gülüstan” eserini Şazada Sagd inb Ebu Bekr ibn Sagd Zeňňä (Parsyň Atabegler neberesiniň iň görnükli hökümdary) sowgat berdi.
Çeperçiligi, nepisligi we jümleleriň sadalygy boýunça gündogar edebiýatynda “Gülüstan” bilen deňleşip biljek eser ýokdur. Sagdy öz eserinde kyssanyň dürli tärlerini ussatlyk bilen ulanypdyr. Emma “Gülüstanyň” özboluşlylygy eseriň üýtgeşik owazlylygyny döredýän ritmiki prozasyndadyr. Bu kitapda Sagdy pars dilini arap dili bilen garyşdyrmakdan saklandy, şol sebäpli “Gülüstan” pars dilinde gürleýänleriň isleglerine doly laýyk gelip, ýedinji asyrda Sagdynyň girizen uly täzeligi hökmünde hasaplandy.
Bu eseri şol döwrüň prozasynyň beýleki eserleri bilen deňeşdirseň, prozanyň hili boýunça ol has ýokarydyr, sebäbi eseriň ritmliligi onuň gözelligi bolup ýüze çykýar. Ritm eseriň içki mazmunyny we hilini kesgitleýär.
Soňra Moýnuddin Joweýni “Negerestan” eserinde, Jamy “Baharystan” eserinde, Kaany “Perişan” eserinde we Gaýem Magam Farahany öz eserlerinde oňä meňzejek boldular. Köp ýazyjylar arap, türk we pars dillerinde “Gülüstan” eserine teswir ýazypdyrlar.
“Gülüstanyň” iň köne terjimesi Andre du Ryer tarapyndan terjime edilip, 1634-nji ýylda Parižde neşir edildi. Fransuz gündogary öwreniji Genri Masse öz kitabynda “Gülüstanyň” käbir bölekleriniň latyn, fransuz, iňlis, nemes, rus, arap, türk we beýleki dillere 55 terjimesini hödürledi.