Edebiýat

Yslamdan öňki döwürde Eýran edebiýaty

Yslamdan öňki Eýranyň dini edebiýatynyň esasy bölegi otparazlyk, butparazlyk, maniheýçilik we hristinanlyk dini ulgamlaryna degişlidir. Yslamdan öňki Eýranda dini we edebi eserler köplenç dilden-dile geçip, kyssa görnüşinde saklanypdyr. Hatda “Awesta” kitaby asyrlar boýy dilden-dile geçenden soň Sasaniler döwründe kitap görnüşinde ýazylypdyr.

Dini we medeni gapma-garşylyklar, uruşlar, ýazuwda we dilde bolup geçen üýtgeşmeler we başga sebäpler  zerarly  Yslamdan öňki Eýranyň gymmatly edebi hazynasynyň ep-esli bölegi ýok edildi we dürli eýran dillerinde ýazylan gadymy eýran edebiýatyndan  galan nusgalaryň sany  örän az.  Gadymy Eýranda köp dilleriň bar bolandygyna garamazdan, galan edebi ýadygärlikler diňe iki dilde ýazylypdyr: Awesta dilinde  we gadymy pars dilinde.

Yslamdan öňki Eýran edebiýaty üç döwre bölünýär: gadymy, orta asyr we maniheý döwürleri.

 Gadymy döwür - Midiýä edebiýatyny, Skif edebiýatyny, gadymy pars edebiýatyny we Awesta edebiýatyny öz içine alýar.

 Orta döwür  hem üç bölege bölünýär: Orta günbatar edebiýaty (Parfiýa edebiýatyny/Aşkanidler döwrüniň edebiýatyny hem-de  Pehlewi edebiýatyny/ Orta Pars edebiýatyny öz içine alýar),  Orta  gündogar edebiýaty (Sogdian, Horezmi, Skif we Balh edebiýaty).

Maniheý döwri -  Eýran dillerinde (Orta Pars, Parfiýa, Sogdian we Balh dillerinde) ýazylan iň gadymy edebi eserleri öz içine alýar.