“Manyly  mesnewiler”  -  “Mesnewi Manawi”

“Manyly mesnewiler” - “Mesnewi Manawi”

“Manyly mesnewiler” - “Mesnewi Manawi”

“Manyly  mesnewiler”  (“Mesnewi Manawi”)  -  Jelaleddin Muhammet Balhy Rumy (Möwlana)  tarapyndan  ýazylan mistiki poemadyr.  Bu eser  takmynan             26 000 beýtden  ybarat bolup, özboluşly  öwüt-nesihat üçin ulanylýan poeziýa stilinde ýazylan. Ol özara gürrüňleriň ýazgysyna çalymdaş dürli tymsallardan, hekaýalardan düzülen. Hekaýalaryň ahyrynda bolsa akyldar şahyr  ondan paýhasly many çykarýar.

Möwlana   hijri-şemsi senenamasy boýunça takmynan 640-650-nji ýyllarda (milady ýyl hasaby boýunça 1262-1272-nji ýyllar) okuwçysy Hisamiddin Çelebiniň  haýyşy  boýunça şygyrlar diwanyny döretmäge girişýär. Ilkibaşda bu diwan 18  beýtden  ybaratdy. Bu  eseri ýazmak işi  Hisamiddiniň  aýaly we  Jelaleddin  Ruminiň ogly Alauddin Muhammediň ölümi bilen togtadyldy, iki ýyldan soň  şahyr  diwanyny  ýazmagy dowam etdirdi.

Ferdöwsiniň “Şanamasy” gadymy eýran halkynyň eposy bolsa, Ruminiň “Mesnewisi”   Yslamdan soňky  Eýranyň eposy diýip atlandyryp bolar.

Ruminiň bu eserde ulanan stili we kyssalaryň beýan ediş usuly  “Kalila we Dimna” eseriniň  we “Müň bir gije”  ertekileriň stiline  ýakyndyr.   

Bu kitap dünýäniň köp dillerine terjime edildi. Reýnold Nikolson “Mesnewiniň”  hemmesini iňlis diline terjime etdi. Jelaleddin Ruminiň “Mesnewisine”  köp sanly teswir ýazyldy, şol sanda Abdylbaky Golpynarlynyň türk dilinde  we Badialzaman Foruzanfaryň  pars dilinde ýazan teswirlerini agzap bolar.

 

Ady “Manyly mesnewiler” - “Mesnewi Manawi”
Ýurt Eýran
AwtorMöwlana
Önümçilik wagty

Möwlana   hijri-şemsi senenamasy boýunça takmynan 640-650-nji ýyllarda (milady ýyl hasaby boýunça 1262-1272-nji ýyllar)

TemplateOrganized

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: