“Diwan-e Şäms” ( Şäms Töwriziniň diwany)
“Diwan-e Şäms” - Jelaleddin Muhammet Ruminiň (Möwlananyň) (hijri-şemsi senenamasy boýunça 652-nji ýylda eneden bolupdyr we 586-nji ýylda aradan çykypdyr (milady ýyl hasaby boýunça 1207-1273-nji ý.) liriki gazallarynyň we rubagylarynyň ýygyndysy bolup, “Diwan-e Käbir” (Beýik Diwan) we “Şäms Töwriziniň gazallar diwany” ady bilen hem tanalýar.
Bu diwanyň “Şäms” diýip atlandyrylmagy Ruminiň gazallarynyň soňunda Şäms, Şäms Töwrizi, Şämsuddin Töwrizi lakamyny ulanmagy bilen baglanyşykly, ýöne şahyr käbir goşgularynda Hamuş ýa-da Hameş, hatda Salahuddin lakamyny ulanypdyr.
Diwanyň beýtleriniň sany 30 000 beýt diýip hasaplanýar, onuň golýazma nusgasynda 5-den tä 40 müňe çenli beýt bar, çap edilen nusgasynda bolsa 50 müň beýt bar. Diwandaky liriki goşgularyň käbiri Şäms Maşregi atly başga bir şahyra degişlidir.
Badiat-e-Zaman Foruzanfar 1958-nji ýyldan 1966-nji ýyla çenli diwanyň nusgalaryny deňeşdirmek we düzetmek bilen diwanyň 36,360 beýtden ybarat bolan (rubagylardan başga) täzeden işlenen neşirini hödürledi. Bu diwanda sözleriň dürlüligi Ruminiň manylarynyň giňligi we düşündirişleri bilen baglanyşyklydyr. Oýlanmalaryň güýji we hyýaly görnüşleriň döredilmegi nukdaýnazaryndan “Diwan-e Şams” nusgawy pars poeziýasynyň iň baý nusgalarynyň biridir. Onuň gazallarynyň köpüsi pars dilinde, käbirleri türk, arap we grek dillerinde ýazylan.
Ady | “Diwan-e Şäms” ( Şäms Töwriziniň diwany) |
Ýurt | Eýran |
Awtor | “Diwan-e Şäms” ( Şäms Töwriziniň diwany) |
Önümçilik wagty | (milady ýyl hasaby boýunça 1207-1273-nji ý.) |
Template | Organized |
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: