“Bossan”
Bu ajaýyp eser orta asyr pars edebiýatynyň dünýä meşhur wekili Sagdynyň (Saadynyň) ilkinji ýazan eseridir. Ol mesnewi görnüşinde ýazylan on bapdan ybarat bolup, ähmiýetliligi we manylylygy boýunça Ferdöwsiniň Şanamasy bilen deňdir. Şahyryň bu eseri ahlak pentlerini, jemgyýetçilik meselelerini öz içinde jemlemek bilen, öwrediji we labyzly hekaýalar görnüşinde ýokary çeperçilik derejesinde okyja ýetirilýär.
Sagdynyň özi bu eseri “Sagdynama” diýip atlandyrdy we Atabeg Ebu Bekr ibn Sagd Ibn Zeňňi ady bilen ýazdy. Hijri-şemsi ýyl hasaby boýunça ýedinji asyryň ortalarynda şahyr 5000 beýt ýazmak bilen ony tamamlady. Sagdynyň “Bossan” eseri on sany bapdan ybarat:
- Adalat we ynsap hakynda
- Haýyr-yhsan hakynda
- Yşk-söýgi hakynda
- Kiçigöwünlilik hakynda
- Kysmata kaýyl bolmak we kanagat hakynda
- Terbiýe hakynda
- Şükür hakynda
- Toba hakynda
- Mynajat
- Soňlama
“Bossan” poemasy şahyryň söz ussatlygy, pikiriniň çuňlugy, gözelligi, pähimli nesihatlary taýdan diňe bir pars dilinde däl, eýsem başga dillerde-de deňsiz-taýsyzdyr. Bu eserde Sanaýiniň “Hadikat al-Hakikat” eserinde (hijri-şemsi ýyl hasaby boýunça altynjy asyr) agzalan ähli manylar bar, emma onuň söz ussatlygy has ýokarydyr we mesnewi usulynda şygyr setirlerini düzmekde täzelik hasaplanýar. “Bossanda” Sagdy özüniň gözleýän paýhas şäherini, paýhas bagy bossanyny suratlandyrdy. Onuň gözleýän dünýäsi - Hudaýa bolan iman, ýagşylyk we saplyk, dogruçylyk we päklik, aň-bilim we hakykat dünýäsidir.
Sagdynyň “Bossany” dünýäniň dürli dillerine terjime edildi. William Jones ony iňlis diline we Karl Genrih Graf nemes diline terjime etdiler. Şeýle hem türk we pars dillerinde oňa köp sanly teswirler ýazylan.
“Bossanyň” iň gowy neşiri Golamhuseýn Ýusefi tarapyndan taýýarlanan nusgasydyr.
Ady | “Bossan” |
Ýurt | Eýran |
Awtor | Saadynyň |
Template | Organized |
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: