Ýokary okuw jaýlary

Tarbiat Modares Uniwersiteti

Tarbiat Modares Uniwersiteti 1981-nji ýylda döredildi.

Tarbiat Modares Uniwersiteti  1981-nji ýylda döredildi.

Bu uniwersitet bilim we ylmy gözlegler  boýunça öňdebaryjy uniwersitetleriň biridir. Uniwersitetiň esasy maksatlary aşakdakylardan ybarat: peýdaly ylymlary ösdürmek,  bilimiň we tehnologiýanyň çäklerini giňeltmek, ylmy önümçiligiň hereketini çaltlaşdyrmak we güýçlendirmek üçin dürli ylymlarda mugallymlary taýýarlamak, ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin programma üpjünçiligini döretmek, gumanitar ylymlary we täze  amaly tehnologiýalary ösdürmek, şeýle hem ylym we bilim pudagynda milli zerurlyklary kanagatlandyrmak. Häzirki wagtda uniwersitet dürli sebitleýin we halkara ylmy-gözleg merkezleri bilen hyzmatdaşlykda ýokardaky maksatlary durmuşa geçirmäge gönükdirilen işleri alyp barýar.

Tarbiat Modares ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň we uçurymlarynyň sany:

  • Häzirki wagtda  okaýan talyplaryň sany: 9,848
  • Uniwersitetiň uçurymlarynyň sany: 32,000

 

Uniwersitetiň  professorlarynyň  we mugallymlarynyň sany:

  • Professorlaryň  we mugallymlaryň sany: 727
  • Görnükli  we tanymal alymlaryň sany: 21
  • Çap edilen makalalaryň sany: 32,473

 

Uniwersitetiň fakultetleri:

• Hukuk

• Ynsanperwerlik ylymlary

• Esasy ylymlar

• Lukmançylyk ylymlary

• Matematika

• Biologiýa

• Dersara ylymlar  we tehnologiýalar

• Materiallar we magdanlar

• Oba hojalygy

• Dolandyryş we ykdysadyýet

• Tebigy baýlyklar we deňiz ylymlary

• Energetika we kompýuter tehnologiýalary  

• Himiýa inženerligi

• Senagat  ulgamlary

        • Gurluşyk we daşky gurşawy  abadanlaşdyrmak

• Maşyn gurluşygy

• Sungat we binagärlik

 

 

 

Uniwersitetiň web sahypasy:

https://www.modares.ac.ir/en