Bu Ali Sina adyndaky  Hamedan Uniwersiteti

Bu Ali Sina adyndaky Hamedan Uniwersiteti

Bu Ali Sina adyndaky Hamedan Uniwersiteti

Bu Ali Sina adyndaky Uniwersiteti  döretmek üçin ygtyýarnama 1973-nji ýylda berildi.  1976-njy ýylda dürli basgançaklarda 200 sany talyplaryň  kabul edilmegi bilen uniwersitet öz işine başlady. Uniwersitetiň umumy meýdany takmynan  250,000 inedördül metr bolup,  onuň esasy  binalary  205 gektar meýdanda  guruldy. Bu uniwersitetde mugallymlaryň talyplara bolan gatnaşygy  22 talyp üçin bir mugallym.  Häzirki wagtda uniwersitet dürli ýurtlardan pars dilini öwrenmek isleýän daşary ýurtly talyplary  hem kabul edýär.

Bu Ali Sina adyndaky Uniwersitet  Webometrics reýting ulgamynyň 2021-nji ýylda geçirilen seljermesine görä,  dünýäde 1825-nji, Aziýada 561-nji, Orta Gündogarda 80-nji we ýurduň ähli uniwersitetleriniň arasynda 23-nji orny eýeledi. Mundan başga-da, “Taýms” reýting ulgamynyň ylmyň pudaklary boýunça aýratynlykda geçirilýän seljermesine görä inženerlik ugry boýunça 601-800 aralygynda, fizika  ylymlary boýunça 801-1000 aralygynda, biologiýa ylymlary boýunça  +800  orunda durýar.  Şol  reýting ulgamynyň Aziýa ýurtlary boýunça  sanawynda  301-350-nji aralygynda durýar.

Uniwersitet “Leýden”  reýting ulgamynda 1000-nji ýerde durýar, ISC görkezijisine laýyklykda  ýurduň uniwersitetleriniň arasynda sekizinji orunda we Yslam dünýäsiniň ähli uniwersitetleriniň arasynda 50-nji ýerde durýar. Mundan başga-da,  neşir edilen makalalar boýunça ýurtdaky uniwersitetleriň arasynda bäşinji orunda  we ISI alymlarynyň sany boýunça  hem bäşinji orunda durýar.

Häzirki wagtda uniwersitetde 440 mugallym, takmynan 700 işgär we bakalawr, magistr we doktorlyk basgançaklarda okaýan  12000 talyp,  şeýle hem 47000 töweregi dürli  basgançaklarda bilim alan  uçurymlary bar.

Bu Ali Sina adyndaky  Uniwersitetde 13 fakultet bar:

Esasy ylymlar, himiýa, ynsanperwerlik ylymlary, sport ylymlary, ykdysady we jemgyýetçilik ylymlary, tehniki we inženerlik  ylymlary, oba hojalygy, sungat we binagärlik, weterinariýa,  Hamedan welaýatynyň Tuýserkan şäherinde ýerleşýän tehniki ylymlary we tebigy baýlyklar fakulteti,  Hamedan welaýatynyň Kebudraheng şäherinde ýerleşýän  tehniki we inženerlik  ylymlary fakulteti, Razan  şäherinde ýerleşýän  senagaty  dolandyrmak we buhgalteriýa fakulteti  we Bahar şäherinde ýerleşýän azyk senagaty fakulteti.

Bu fakultetleriň arasynda himiýa,  inženerlik  ylymlary, oba hojalygy, esasy ylymlar we  ynsanperwerlik ylymlary  fakultetleri,  ylmy önümçilik we talyplary özüne çekmek nukdaýnazardan   has ýokary derejelere eýedir.

Bu Ali Sina uniwersitetiniň ýene bir aýratynlyklarynyň biri  ylmy işjeňligi  we ylmy işgärleri taýýarlamakdyr. Uniwersitetiň  9 mugallymy  we 4 uçurymy dünýäniň öňdebaryjy alymlarynyň sanawyna girýär. Bu üstünlik uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň, mugallymlarynyň, işgärleriniň we talyplarynyň ýyllar boýy eden tagallalarynyň  netijesinde gazanyldy.

Bu Ali Sina Uniwersitetiniň Ösüş we tehnologiýa merkezi, maglumat tehnologiýasy, energetika, elektronika we beýleki ugurlarda  işleýän  38 kompaniýa bilen ýakyn hyzmatdaşlykda  bolup alymlary,  mugallymlary  we ähli zehinli  talyplary täze tehnologiki ideýalary we meýilnamalary döretmäge we olary durmuşa geçirmäge höweslendirmekde möhüm ösüş gazandy.

Şeýle hem bu uniwersitet, 57 talyp ylmy birleşigi, 13 talyp medeni we çeperçilik merkezi, 5 yslam talyp guramasy we 23 işjeň talyp neşiri bilen medeniýet we jemgyýet pudagyndaky iň öňdebaryjy uniwersitetleriň biri hökmünde tanalýar.

Bu Ali Sina uniwersitetiniň  Tebigat taryhy muzeýi Eýranda we hatda sebitde  özüne çekiji ylym muzeýleriň  biridir. Muzeý milli we halkara derejesine eýedir. Onda dünýäde  seýrek duş gelýän  eksponatlar bar, muzeýiň kolleksiýasy  Eýranda we bütin dünýäde  geçirilen gazuw-agtaryş işleriň we   köpýyllyk gözlegleriň netijesidir. Häzirki wagtda muzeý dürli taryhy döwürlere degişli bolan  ýitip barýan we hatda  ýiten haýwanlaryň galyndylaryny görkezýän alty sany esasy zaldan ybarat. Täsin eksponatlar muzeýe gelýänleriň köpüsinde gyzyklanma döredýär. Her ýyl bu muzeýe müňlerçe höwesjeňler, içerki we daşary ýurtly syýahatçylar, esasanam gözlegçiler, alymlar we talyplar gelýär.

 

Uniwersitetiň web sahypasy:

 

https://basu.ac.ir/en/home

Ady Bu Ali Sina adyndaky Hamedan Uniwersiteti
Ýurt Eýran

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: