Allame Tabatabai adyndaky Uniwersitet

Allame Tabatabai adyndaky Uniwersitet

Allame Tabatabai adyndaky Uniwersitet

Allame Tabatabai adyndaky Uniwersitet Tähranda ýerleşýän döwlet uniwersitetleriniň biridir. Bu uniwersitet  ynsanperwerlik ylymlary  boýunça ýurduň iň uly  uniwersiteti bolup,  ynsanperwerlik we jemgyýetçilik ylymlary boýunça bilimleri ösdürmekde öňdebaryjy uniwersitet hökmünde tanalýar. Allame Tabatabai adyndaky Uniwersitet ynsanperwerlik we jemgyýetçilik ylymlary boýunça  ýeke-täk  ýöriteleşdirilen uniwersitetdir. Uniwersitetde 10 fakultet, bilimleri  kämilleşdiriş instituty, ösüş merkezi, 9 ylmy-barlag instituty we gözleg merkezleri bar. Uniwersitet 226 hünär boýunça talyplary bakalawr, magistr we doktorlyk derejelere kabul edýär. Häzirki wagtda uniwersitetde  530 mugallym işleýär. Döredilen gününden bäri uniwersitet jemgyýeti ýetmiş ýedi müň uçurym bilen üpjün etdi we 2016-2017-nji okuw ýylynda uniwersitetde okaýan talyplaryň sany 18 müňe golaýdy. Geçen ýyl Ylym, gözleg we tehnologiýa ministrligi tarapyndan geçirilen reýtingiň netijelerine laýyklykda  Allame Tabatabai adyndaky Uniwersitet  başga bir baýraga mynasyp boldy. Şarif adyndaky Tehnologiýa Uniwersiteti, Eýranyň  Ylym we Tehnologiýa Uniwersiteti, Amir Kabir  adyndaky Uniwersitet bilen deň derejede özüniň  ýöriteleşdirilen ugry boýunça  birinji derejeli uniwersitet hökmünde saýlandy.

 

Uniwersitetiň fakultetleri:

 

  • Aragatnaşyk ylymlary fakulteti
  • Matematika we informatika fakulteti
  • Dolandyryş we buhgalteriýa fakulteti
  • Ätiýaçlandyryş fakulteti (ECO)
  • 2-nji uniwersitet şäherçesi (dürli hünärler boýunça bilimleri kämilleşdiriş merkezleri)
  • Pars edebiýaty we daşary ýurt dilleri fakulteti
  • Ykdysadyýet fakulteti
  • Ylahyýet we Yslam dinini  öwreniş fakulteti
  • Bedenterbiýe we sport ylymlary fakulteti
  • Hukuk we Syýasaty öwreniş fakulteti
  • Psihologiýa we pedagogika ylymlary fakulteti
  • Jemgyýetçilik ylymlary fakulteti

 

 

 

Uniwersitetiň web sahypasy:

 

https://atu.ac.ir/en

Ady Allame Tabatabai adyndaky Uniwersitet
Ýurt Eýran
Görnüşidahylly Döwlete

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: