Ferdöwsi adyndaky Uniwersitet

Ferdöwsi adyndaky Uniwersitet

Ferdöwsi adyndaky Uniwersitet

 

Ferdöwsi adyndaky Uniwersitet

 

Maşatdaky Ferdöwsi  adyndaky uniwersitet  Eýranyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda iň köne uniwersitetleriň biri bolup, döredilen wagty boýunça  üçünji orunda durýar. Uniwersitet 1949-njy ýylda Maşatda döredildi. Bu uniwersitet Eýranyň gündogar bölegindäki  iň uly uniwersitetdir. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde 800-den gowrak  zähmetsöýer mugallym işleýär,  şeýle hem uniwersitetde  bakalawr, magistr we doktorlyk basgançaklarda 25,000-den gowrak talyp  okaýar, şolardan 2000-den gowragy daşary ýurtly talyplar.  Bu uniwersitetiň örän uly, owadan we ýaşyl uniwersitet şäherçesi bar we on ýyldan gowrak wagt bäri daşky gurşawy goramak boýunça Ferdöwsi adyndaky uniwersitet  ýaşyl uniwersitet  diýip hasaplanýar. Demirgazyk-gündogar sebitdäki bu uniwersitetiň özboluşly hyzmatlarynyň arasynda täze ylmy oýlap tapyşlara baha bermek we  ylmy tassyklama bermek hyzmaty, ýurduň gündogaryndaky Eýran Ylymlar Laboratoriýasy Ulgamynyň sekretary we Nanotehnologiýa Laboratoriýa Torunyň agzasy hökmünde ýöriteleşdirilen maglumat howpsuzlygy we barlamhanalaryň arasynda aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek ýaly hyzmatlar  aýratyn ähmiýete eýedir.

86 ýurtdan 1500-den gowrak uniwersiteti öz içine alýan  US News  reýting ulgamynyň iň soňky netijelerine görä, Maşatdaky Ferdöwsi  adyndaky uniwersitet   dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň hataryna girýär we dünýäde 941, Aziýada 229 we Eýranyň  Ylym, gözleg we tehnologiýa ministrliginiň garamagymdaky uniwersitetleriň  arasynda  10-njy orunda durýar. Mundan başga-da 2021-nji ýyldaky  bu ulgamyň hünärler boýunça reýtinginde  Ferdöwsi  adyndaky uniwersitet   ýedi  hünär boýunça  dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň hataryna girmegi başardy: oba hojalygy ugry boýunça (171-nji ), himiýa inženerligi  ugry boýunça  (246-njy), himiýa ugry  boýunça (688-nji ), energetika  we elektronika ugry  boýunça  (387-nji ), energiýanyň we ýangyjyň görnüşleri  ugry  boýunça  (192-nji), inženerlik tehnologiýalary ugry  boýunça   (249-njy) we mehanika ugry boýunça  (64-nji)  ýerleri eýeledi.

 

Uniwersitetiň  fakultetleri:

  • Edebiýat we  ynsanperwerlik ylymlary fakulteti
  • Ylahyýet we Yslam dinini öwreniş   fakulteti
  • Sport ylymlary fakulteti
  • Weterinariýa fakulteti
  • Dolandyryş we ykdysadyýet ylymlary fakulteti
  • Pedagogika we psihologiýa fakulteti
  • Matematika ylymlary fakulteti
  • Oba hojalygy fakulteti
  • Inženerlik fakulteti
  • Binagärlik we şäher gurluşygy fakulteti
  • Tebigy baýlyklar we daşky gurşaw fakulteti
  • Uniwersitetiň ýanyndaky kolleji

 

 

 

Ylmy-gözleg  merkezleri

 

  • Gün  we howa baradaky  ylmy-barlag  instituty
  • Botanika ylmy-barlag  instituty
  • Suw baýlyklary we daşky gurşaw baradaky  ylmy-barlag  instituty
  • Biotehnologiýalar baradaky  ylmy-barlag  instituty
  • Nebit we gaz baradaky  ylmy-barlag  instituty
  • Aerokosmos  tehnologiýalar  baradaky  ylmy-barlag  instituty
  • Syýahatçylyk we  zyýarat üçin ýerler baradaky  ylmy-barlag  instituty
  • Yslam dinini öwreniş   boýunça ylmy-barlag  instituty

 

Gözleg merkezleri

  • Amaly zoologiýa gözleg merkezi
  • Tehniki we ykdysady nukdaýnazardan ýol howpsuzlygy  boýunça ylmy- gözleg merkezi

 

Uniwersitetiň web sahypasy:

 

http://en.um.ac.ir/

Ady Ferdöwsi adyndaky Uniwersitet
Ýurt Eýran
Görnüşidahylly Döwlete

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: