Yspyhan uniwersiteti
Yspyhan uniwersiteti
Yspyhan uniwersiteti, Eýranyň Merkezi we Günorta sebitindäki uniwersitetleriniň arasynda birinji ýerde durýar we Yspyhandaky iň uly iki döwlet uniwersitetleriň biridir, şeýle hem ýurduň Merkezi sebitindäki iň uly uniwersiteti bolup, ýurtdaky iň gowy 5 döwlet uniwersitetleriniň biri hem-de ýurduň iň gowy on uniwersitetleriň hataryna girýär. 2300 gektar meýdany tutýan bu uniwersitet Eýranyň iň iri uniwersitetleriniň biri bolup durýar. Uniwersitetde 9 sany ylmy-gözleg merkezi, 5 sany ylmy-barlag instituty we 15 sany fakultet bar.
Uniwersitetiň web sahypasy:
Uniwersitetiň fakultetleri:
• Edebiýat we ynsanperwerlik ylymlary fakulteti
• Daşary ýurt dilleri fakulteti
• Dolandyryş ylymlary we ykdysadyýet fakulteti
• Gurluşyk we ulaglar fakulteti
• Biologiýa ylymlary we biotehnologiýalar fakulteti
• Ylahyýet fakulteti
• Himiýa fakulteti
• Pedagogika we psihologiýa fakulteti
• Inženerlik we tehniki ylymlary fakulteti
• Matematika we statistika fakulteti
• Sport ylymlary fakulteti
• Geologiýa fakulteti
• Geografiýa ylymlary we meýilleşdiriş fakulteti
• Kompýuter tehnologiýalary fakulteti
• Fizika fakulteti
Ylmy-gözleg merkezleri
• Mediýa aragatnaşyk tehnologiýalar baradaky ylmy- gözleg merkezi
• Tehnologiki prosesleri öwreniş ylmy- gözleg merkezi
• Intellektual ulgamlary öwrenmek baradaky ylmy- gözleg merkezi
• Senagat we guramaçylyk işlerinde psihologiýa boýunça ylmy-gözleg merkezi
• Tebigy we biofarmasewtiki önümler baradaky ylmy- gözleg merkezi
Bütindünýä uniwersitetleriň reýting merkeziniň (CWUR) iň soňky reýtingine görä 2021-2022-nji ýyllarda Yspyhanyň Tehnologiýa Uniwersiteti geçen ýyl bilen deňeşdirilende 48 basgançak ýokary çykdy we dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň arasynda 694-nji, ýurtdaky tehnologiýa uniwersitetleriniň arasynda ikinji ýerde durýar we Eýranyň iň gowy uniwersitetleriniň arasynda bäşinji orny eýeleýär.
Ady | Yspyhan uniwersiteti |
Ýurt | Eýran |
Görnüşi | dahylly Döwlete |
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: