Ýäzd Uniwersiteti

Ýäzd Uniwersiteti

Ýäzd Uniwersiteti

Ýäzd Uniwersiteti -  döwlet  uniwersiteti  bolup 1988-nji ýylda  Eýran Yslam Respublikasynyň Ýäzd  şäherinde  esaslandyryldy. Häzirki wagtda uniwersitetde 14 fakultet bar, şolarda 400 mugallym işleýär we 14,470 talyp okaýar. Uniwersitetiň düzümine  12 ylmy-gözleg merkezleri, 3 uniwersitet şäherçesi we 2 şahamçasy,  7 özbaşdak bölümi girýär. Uniwersitetde  10 sany ylmy žurnal çap edilýär. Talyplar 55  hünär boýunça doktorlyk basgançakda, 115 hünär boýunça magistr basgançakda, 47 hünär boýunça  bakalawr  basgançakda bilim alýarlar.

Ýäzd uniwersiteti  ISC reýting ulgamynyň netijelerine görä ýurduň iň gowy 8 uniwersitetiniň hataryna girdi. “GreenMetric” reýting ulgamynda 14-nji ýeri eýeledi.  “Taýms” reýting ulgamynyň seljermelerine görä dünýädäki 200 sany iň gowy ýaş uniwersitleriň  hataryna girdi.

 

Uniwersitetiň web sahypasy:

 

https://yazd.ac.ir/en    

         

 

Ylmy-gözleg  merkezleri

 

  • Infrastrukturadaky gurluşlaryň hilini  we öndürijiligi öwrenmek baradaky ylmy-gözleg merkezi
  • Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini öwrenmek baradaky ylmy-gözleg merkezi
  • Durmuş üpjünçiliginiň çeşmelerini öwrenmek baradaky ylmy-gözleg merkezi
  • Ylym we tehnologiýalar baradaky  ylmy-gözleg merkezi
  • Adamzat siwilizasiýalaryny öwrenmek baradaky ylmy-gözleg merkezi
  • Keramiki plitkalaryň önümçilik proseslerini öwrenmek baradaky ylmy-gözleg merkezi
  • Gadymy howa çalşygy gurluşlaryny öwrenmek baradaky ylmy-gözleg merkezi
  • Durnukly ulag ulgamlary öwrenmek baradaky ylmy-gözleg merkezi

 

Daşary ýurtly talyplaryň  Ýäzd  Uniwersitetine kabul edilmekleriniň şertleri:

https://admission.yazd.ac.ir/apply/en

 

Iňlis dilinde okadylýan hünärler:

https://yazd.ac.ir/Upload/modules/files/documents/pages/president/administration/isco/reception/fields.pdf

Ady Ýäzd Uniwersiteti
Ýurt Eýran
Görnüşidahylly Döwlete

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: