Şiraz Uniwersiteti 1946-nji ýylda esaslandyryldy. Ýarym asyrdan gowrak taryhy bolan Şiraz Uniwersiteti, ýurduň iň uly we möhüm uniwersitetleriniň biri hem-de ýurduň öňdebaryjy ylmy merkezidir. Bu ýokary okuw jaýynda 610 mugallym işleýär we 19000-den gowrak talyp bilim alýar. Uniwersitet 80 hünär boýunça bakalawr derejesini, 183 hünär boýunça magistr derejesini, 102 hünär boýunça ýöriteleşdirilen doktorlyk programmasyny we bir hünär boýunça kämillik doktorlyk programmasyny hödürleýär.
Talyplaryň akademiki ýetişigine esaslanan Eýran uniwersitetleriniň arasynda geçirilen iň soňky reýtingine görä Şiraz uniwersiteti ylmy-gözleg işlerine gönükdirilen iň gowy 3 uniwersitetleriň hataryna girýär we inženerlik ugry boýunça Eýranyň bäş esasy uniwersitetleriniň biridir.
Şiraz uniwersiteti “Taýms” reýting ulgamynyň Aziýa ýurtlary boýunça 2021-nji ýylyň sanawynda 114-nji ýeri eýeledi.
Uniwersitetiň web sahypasy:
Uniwersitetiň fakultetleri:
|
|