Urmiýa uniwersiteti
Urmia uniwersiteti, EYR-nyň Ylym, gözleg we tehnologiýalar ministrliginiň garamagyndaky abraýly döwlet uniwersitetlerinden biridir. Urmiýa şäherinde ýerleşýär.
Uniwersitetde 16370 talyp okaýar we 780 mugallym işleýär. Webometrics reýting ulgamynyň iň soňky seljermesine görä, Urmia uniwersiteti ýurtda 29-njy, dünýäde bolsa 1902-nji ýerde durýar we soňky bir ýylda ösüş gazandy.
Uniwersitetiň web sahypasy:
Uniwersitetiň fakultetleri:
Oba hojalygy fakulteti
Bedenterbiýe we sport ylymlary fakulteti
Çeperçilik fakulteti
Tebigy baýlyklar fakulteti
Ykdysadyýet we dolandyryş fakulteti
Himiýa fakulteti
Weterinariýa fakulteti
Edebiýat we ynsanperwerlik ylymlary fakulteti
Takyk ylymlar fakulteti
Inženerlik we nebit-himiýa fakulteti
Energetika we kompýuter tehnologiýalary fakulteti
Ylmy-barlag merkezleri
Azerbaýjany öwreniş ylmy-barlag instituty
Nanotehnologiýalar ylmy-gözleg merkezi
Mikroelektronika ylmy-barlag instituty
Biotehnologiýalar ylmy-barlag instituty
Urmiýa kölüni öwrenmek barada ylmy-barlag instituty
Mikromaşynlar baradaky ylmy-barlag instituty