Tähran Uniwersiteti döwlet uniwersiteti bolup Eýranyň iň uly ýokary bilim merkezidir. Bu uniwersitet “Ene uniwersiteti” diýlip atlandyrylýar we Eýranda ýokary bilimiň nyşany diýlip hasaplanýar. Bu uniwersitet 1934-nji ýylda döredildi. Tähran uniwersitetinde 25 fakultet, 9 uniwersitet şäherçesi we 16 ylmy-gözleg merkezi bar.
Uniwersitet şäherçeleri we olarda ýerleşýän fakultetler:
“Aras” we “Kish” halkara uniwersitet şäherçeleri:
- Edebiýat we ynsanperwerlik ylymlary fakulteti
- Ylahyýet we Yslam dinini öwreniş fakulteti
- Hukuk we syýasaty öwreniş fakulteti
- Ykdysadyýet fakulteti
- Bedenterbiýe we sport ylymlary fakulteti
- Geografiýa fakulteti
- Weterinariýa fakulteti
- Innowasiýa ylymlary we tehnologiýalary fakulteti
- Entomologiýa we ösümlik keselleri bölümi
- Maldarçylyk we guşçylyk bölümi
“Şekillendiriş sungatlary” uniwersitet şäherçesi:
- Binagärlik fakulteti
- Şäher gurluşygy fakulteti
- Şekillendiriş sungaty fakulteti
“Farabi” uniwersitet şäherçesi:
- Ylahyýet fakulteti
- Hukuk fakulteti
- Dolandyryş we buhgalteriýa fakulteti
Sebitdäki uniwersitet şäherçeleri we “Alborz” şäherçesi:
- Inženerlik ylymlary fakulteti
- Fuman şäherindäki Tehniki fakulteti
Tähran uniwersitetiniň ylym şäherçesi:
- Matematika, statistika we kompýuter tehnologiýalary fakulteti
- Geologiýa fakulteti
- Biologiýa fakulteti
Oba hojalygy we tebigy baýlyklar şäherçesi:
- Oba hojalygyň ykdysadyýeti we oba hojalygyny ösdürmek fakulteti
- Oba hojalygy ylymlary fakulteti
- Tebigy baýlyklar fakulteti
Abu Reýhan şäherçesi:
- Bagbançylyk bölümi
Uniwersitetde 3 ylmy-gözleg merkezi, 3 ylmy-barlag instituty we UNESKO guramanyň 3 kafedrasy, 19 gözleg merkezi bar. Tähran uniwersitetinde Eýranda iň uly uniwersitet kitaphanasy bar, onuň binasy 9 gatdan ybarat bolup, meýdany 22,000 inedördül metr. Häzirki wagtda uniwersitet 139 sany ýöriteleşdirilen žurnallary çap edýär, olardan 97-si ylmy žurnallar. Bu žurnal Ylymlar, ylmy gözlegler we tehnologiýalar ministrliginiň howandarlygynda neşir edilýär. Tähran uniwersiteti “Taýms” reýting ulgamynyň Aziýa ýurtlary boýunça 2021-nji ýylyň sanawynda 104-nji ýeri eýeledi.
Uniwersitetiň web sahypasy: