Ahwaz - müňýyllyklaryň şäheri
Ahwaz Eýranyň günortasyndaky Huzestan welaýatynda ýerleşýän we Parfiýalylar döwrüne degişli diýlip çak edilýän iň gadymy şäherleriň biridir.
Ahwaz, iň köp taryhy ýadygärlikleri özünde jemlän Eýranyň gadymy şäherlerinden biridir. Taryhy çeşmelere görä, bu şäheriň ady "Khozi" ýa-da "Hozi" sözünden gelip çykypdyr, bu Huzestan welaýatynyň Elami kökleri bilen baglanyşykly ýerli ýaşaýjylarynyň, ýagny bir tiresiniň adydyr.
Ahwaz - taryhda
Ahwaz Parfiýalylaryň hökümdarlygy döwründe (miladydan öňki 247-nji ýyldan 224-nji ýyla çenli) möhüm şäherleriň biri bolup, Sasanidler döwründe (biziň eramyzyň 224-651-nji ýyllary) dokma senagatynyň esasy merkezleriniň birine öwrülipdir. Geografiki ýerleşişi sebäpli bu şäher taryhyň dowamynda Eýranyň möhüm söwda merkezlerinden biri bolupdyr.
Ahwaz, Sasanid imperiýasynyň ikinji şasy Şapur I döwründe (biziň eramyzyň 240-dan 270-njy ýyl aralygynda hökümdarlyk edipdir) giňelipdir. Şapur ilki Karunyň gündogar we günbatar taraplaryny gülläp ösdirdi, emma günbatar bölegi siňky ýyllarda eýranlylar bilen araplaryň arasynda bolup geçen söweşler sebäpli weýran boldy.
IX asyrda Sahib al-Zanjyň gozgalaňy Ahwaza şeýle bir zeper ýetirdi welin, Huzestan welaýatynyň paýtagty Şuştara göçürildi. Sefewiler döwrüne çenli (biziň eramyzyň 16-njy asyrynyň başy) Ahwaz bir oba öwrülipdir. Bu şertler dowam edipdir we XIX asyrda Ahwaz kiçijik şäherçeden başga zat däldi, ýöne 1888-nji ýyldan başlap dünýä söwdasy ňsüp başlaýar we bu Ahwazyň täzeden güllemegine sebäp bolýar. Naseruddin Şah Gajar bu pursatdan peýdalanyp, Karunyň gündogar böleginde "Naseri" diýlip atlandyrylýan port gurdurýar, soňra ony "Naseriýe" diýlip atlandyrypdyrlar. Pehlewi hökümdarlygy başlanýança bu şäheri hem şeýle atlandyrypdyrlar, ýöne şondan soň şäher ýene "Ahwaz" diýlip atlandyrylypdyr.
Ahwazyň gülläp ösen wagtynda bu şäher ýene-de Huzestan welaýatynyň paýtagty bolýar we daşary söwdasy Hindistanyň, Afrikanyň we Uzak Gündogaryň iň uzak portlaryna çenli uzapdyr. Biraz wagt geçensoň, häzirki wagtda şäheriň syýahatçylyk merkezleri hökmünde tanalýan kerwensaraýlar we bazarlar döredilipdir.
Nebit - Ahwazyň ösüşiniň görkezijisi
Geografiki ýerleşişinden we Ahwazyň söwdadaky ornundan başga-da, nebitiň tapylmagy bu şäheriň täzeden gülläp - ösmegine has hem kömek etdi. Eýranyň ilkinji nebit ýatagy 1908-nji ýylda Süleýman metjidinde gazyldy. Ahwazyň Süleýman metjidine ýakynlygy ýurduň iň uly nebit desgalarynyň biriniň döredilmegine sebäp boldy, şonuň netijesinde Ahwaz Abadana nebit ugratmak üçin stansiýa öwrüldi. Nebit Ahwazyň senagat ösüşine itergi berdi we 1929-njy ýylda şäheri Eýranyň milli demir ýoly bilen birleşdirdi.
Taryhy ýerleri
Ahwaz gülläp ösen we kynçylyk wagtynda dürli döwürleri başdan geçirdi, şonuň üçin bu şäheriň dürli-dürli taryhy ýadygärlikleri bar. Bu ýadygärlikleriň käbirleri:
Ali ibn Mahziýaryň aramgähi
Ali ibn Mahziýar, şaýylaryň sekizinji ymamy Ymam Ryzanyň döwründe ýaşan iň uly şaýy hukukçylaryndan we alymlaryndan biri. Şäheriň köne böleginde ýerleşýän aramgäh XVIII asyra degişlidir. Bu aramgäh Ahwazdaky iň möhüm dini däp-dessur geçirilýän merkezleriň biri hökmünde ulanylýar.
Ajam saraýy
Geçmişde bu taryhy bina Şeýh Hazalyň (Horramşäheriň hökümdary we Huzestanyň esasy taýpalarynyň biriniň baştutany) kerwensaraýlaryndan biri bolupdyr. Bu bina taryhyň käbir ýerlerinde bazar hökmünde bellenilip geçilýär. “Ajam saraýy” aýratyn binagärlige eýedir we kerpiç gurluşy hökmünde, oýulan sütünler, köp sanly öýjükler - hüjreler, örme şekilli daşlar, agaç gapylar we penjireler ulanylypdyr.
Moin al-Tajjar saraýy
Moin al-Tajjar saraýy, Muhammet Tagy Moin al-Tajjar ýaly meşhur täjirleriň ýaşan we işlän merkezi bolup Gajarlar döwründen galan binalaryň biridir.
Haneýe Dadres - Kazyýet
Bu merkez, ýokarda agzalan ýadygärlikler ýaly, Gajarlar döwründe gurulupdyr. Kazyýet jaýy Ahwaz şäheriniň günortasynda ýerleşýär we onuň töwereginde başga-da birnäçe taryhy ýadygärlikler ýerleşýär.
Maparyň öýi
Bu jaý ilkinji Pehlewi döwründe gurulupdyr. Binanyň esasy bölekleri daş ýerzemin, iki howly we iki howuz. Mapar jaýynyň kerpiç bezegleri we agaç gapylary oňa aýratyn gözellik berýär.
Abdul Hamid bazary
Bazar, Eýranyň şäherleriniň we iş ýerleriniň esasy merkezi we iň köp gelim – gidimli ýerleriň biri hasaplanyp, adatça şäheriň merkezinde ýerleşipdir. Abdul Hamid bazary bir asyrdan gowrak taryhy bolup, Ahwazyň iň köne bazary hökmünde söwdagärleriň esasy söwda ýeri bolup hyzmat edipdir. Şeýh Hazal kerwensaraýy hem bu bazaryň merkezinde ýerleşipdir.
Häzirki zaman sungat muzeýi
Ahwaz häzirki zaman sungat muzeýi iki gat, bäş galereýa we köp sanly sungat eserini özünde jemleýän merkezdir. Bu muzeýde sergä goýlan eserlerden başga, 1959-njy ýylda gurlan muzeýiň binasynyň hem gözellikleri we köp sanly eserleri bardyr.
Hunäg Aždar
Bu gadymy bina Ahwaz şäherinden daşrak we Izeh şähere golaý ýoluň ugrunda ýerleşýär. Bu binadan iki sany daş ýazgy tapyldy, olaryň biri Elamit döwrine (dört müň ýyl ozal), beýlekisi Parfiýa döwrine (1800 ýyl mundan ozal) degişlidir.
Aşkafte Salman
Elamit döwri bilen baglanyşykly gadymy taryhy ýadygärlikleriň arasynda Aşkafte Salman bar. Ol Izeh şäheriniň günortasynda ýerleşýär. Bu binada dört sany surat bar. Çüý ýazuwynda ýazylan iň uly elamit ýazgysy bu binadan tapyldy.
Ady | Ahwaz - müňýyllyklaryň şäheri |
Ýurt | Eýran |
Welaýat | Huzestan |
Şäher | Ahwaz |
Görnüşi | Taryhy |
Registration | No registration |
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: