Ymam Homeýni halkara uniwersiteti, Gazwin şäherindäki baýry ýokary okuw jaýy

Ymam Homeýni halkara uniwersiteti, Gazwin şäherindäki baýry ýokary okuw jaýy

Ymam Homeýni halkara uniwersiteti, Gazwin şäherindäki baýry ýokary okuw jaýy

Ýokary bilim derejesinde bilim mümkinçilikleriniň giňelmegi, Eýranyň welaýatlarynyň köpüsinde häzirki wagtda ýokary okuw jaýlarynyň köpelmegine sebäp boldy. Ymam Homeýni Halkara Gazwin uniwersiteti, paýtagtyň daşynda ýerleşýän uniwersitet şäherçeleriniň arasynda akademiki derejesi boýunça uly ösüş gazanan uniwersitetleriň biridir. Bu uniwersitet, eýranly däl talyplary özüne çekmegi we Eýranyň daşyndaky ylmy we bilim merkezleri bilen gatnaşyklary giňeltmegi  özüniň ylmy we bilim taýdan ösdürmegiň usullaryndan biri hňkmünde görýar.

Ymam Homeýni halkara uniwersitetiniň taryhy

Ymam Homeýni Halkara Kazwin uniwersitetiniň döredilmegi, kanun taslamasy Eýranyň kanun çykaryjy mejlisi tarapyndan tassyklanylandan soň başlady. Bu kanun taslamasy, halkara yslam ýokary bilim merkezini döretmek maksady bilen 1983-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynyň şol wagtky hökümeti tarapyndan parlamente hödürlendi. Ahyrsoňy, şol ýylda Al-Kuds halkara uniwersiteti öz işine başlady.

Bu uniwersitet, Dehhoda ýokary bilim toplumy bilen birleşenden soň 1991-nji ýylda "Ymam Homeýni halkara uniwersiteti" diýip atlandyryldy. Bu ýokary okuw jaýy Gazwin welaýatynda uniwersitet hökmünde hereket etýar we Eýranyň baýry uniwersitetleriniň hataryna girýär.

Ymam Homeýni halkara uniwersiteti barada maglumat

Bu uniwersitet 230 gektara barabar bolan meýdanda guruldy. Häzirki wagtda bu uniwersitetde ýedi fakultet hereket etýär:

1. Tehniki we inženerçilik

2. Edebiýat we ynsanperwer ylymlar

3. Binagärlik we şäher gurluşygy

4. Jemgyýetçilik ylymlary

5. Oba hojalygy we tebigy baýlyklar

6. Esasy ylymlar

7. Yslam ylymlary we gözlegler

Şeýle hem uniwersitetde "Pars dili bilimi" atly merkez bar, onuň esasy wezipesi pars dilini bilmeýänlere pars dilini öwretmek üçin kurslar we seminarlar geçirmekdir. Merkeziň okuwy dört esasy dil başarnyklaryna esaslanýar we başlangyç derejeden ýokary derejelere çenli hödürlenýär.

Uniwersitetde üznüksiz bakalawr derejesinde jemi üç ugur, 39 bakalawr ugry, 1 magistr ugry, 57 sany üznüksiz magistr derejesi we  37 sany ugur doktorlyk derejesinde hödürlenýär.

Ymam Homeýni halkara uniwersitetiniň ylmy mümkinçilikleri

Ymam Homeýni halkara uniwersitetinde "Geljekki okuwlar" atly ylmy instituty bar, ol 2011-nji ýylda döredildi we bu ylmy institutyň bäş sany ylmy topary bardyr.

Ymam Homeýni halkara uniwersitetiniň ylmy neşirleri 21 at bilen (iňlis dilinde üç at we pars dilinde 18 at) neşir edildi. Bu neşirler tarapyndan çap edilen neşirleriň umumy sany şu wagta çenli 300-den geçdi. Bu ýerde ylmy işgärler üçin 2500-den gowrak makala bar.

Ymam Homeýni halkara uniwersitetiniň kitaphanasy, häzirki zaman kitaphanasy hökmünde 1999-njy ýylda açyldy we infrastrukturasy dört müň inedördül metrden gowrak. Şeýle hem uniwersitetiň merkezi barlaghanasy talyplara we ylmy işgärlere spektroskopiki derňew, elementar derňew, termiki derňew we hromatografiýa ýaly ösen we takyk enjamlar bilen hyzmat edýär.

Ylmy we bilim pudaklarynyň ykdysady zynjyryny tamamlamak maksady bilen döredilen bu uniwersitetiň ýanynda ylym we tehnologiýa parkynyň bolmagy akademiklere gözlegleriniň ykdysady peýdalaryndan peýdalanmaga mümkinçilik berdi. 2005-nji ýylda bu merkeziň düýbi tutuldy.

Uniwersitetde eýranly we daşary ýurtly talyplaryň sany takmynan 9000 töweregi bolup, olaryň 2000-den gowragy aspiranturada okaýar.

Halkara çäreler

Ymam Homeýni halkara uniwersiteti, biliminiň hilini ýokarlandyrmak üçin dünýäniň dürli uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Ispaniýanyň Walensiýa uniwersiteti bilen himiýa ylmy boýunça hyzmatdaşlyk, Russiýa uniwersitetleri bilen hyzmatdaşlyk we olar bilen birnäçe özara düşünişmek memorandumyna gol çekmek, Şanhaý halkara uniwersitetiniň işgärleri bilen bilelikdäki duşuşyklar uniwersitetiň soňky ýyllarda halkara gatnaşyklary ugrundaky işleriniň arasynda ýer alýar. Bu uniwersitet, her ýyl daşary ýurtly meýletinçileriň we höwesjeňleriň arasynda talyplary özüne çekýär. Bu uniwersitetde takmynan 400-e golaý talyp  Eýranyň goňşy ýurtlaryndandyr. Şeýle-de bolsa, häzirki wagtda bu uniwersitetde 15 sany dürli milletden bolan talyplaryň bolmagy üçin dünýäniň beýleki ýurtlaryndan gelen talyplary ýerleşdirmek üçin amatly şertler döredildi.

Ymam Homeýni halkara uniwersiteti, Eýranyň baýry uniwersitetleriniň biri hasaplanýar. 2023-nji ýylda neşir edilen Şanhaý reýtingine görä, Ymam Homeýni halkara uniwersiteti, 151-den 200-e çenli dünýä derejesini gazanyp, Eýranyň inženerçilik we maşyn gurluşygy pudagynda öňdebaryjy uniwersitetleriň biri hökmünde özüni tanatmagy başardy.

 

                                

 

Ady Ymam Homeýni halkara uniwersiteti, Gazwin şäherindäki baýry ýokary okuw jaýy
Ýurt Eýran
Uniwersitetiň bütindünýä boýunça reýtingi151
Görnüşidahylly Döwlete
Talyplaryň umumy sany9000
Daşary ýurtly talyplaryň sany400
Habarlaşmak üçin maglumatlar+98-28-33780021
Web sahypasyhttp://www.ikiu.ac.ir/en/

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: