Eýranyň günbataryndaky Kürdüstan welaýatynyň Sanandaj şäherinde ýerleşýän Kürdüstan Uniwersiteti, Eýranyň döwlet uniwersitetlerinden biridir. Bu uniwersitet 1974-nji ýylda Tähranyň pedagogika uniwersitetiniň bir bölegi bolan Sanandaj uniwersiteti hökmünde işe başlady. 1991-nji ýylda Eýranyň Ylym, gözleg we tehnologiýa ministrligi bu ýokary bilim merkezini "Kürdüstan uniwersiteti" diýip ykrar etdi. Häzirki wagtda uniwersitetiň 80 ders öwredilýän 7 fakulteti bar, onda 350 mugallym işleýär, şeýle hem bakalawr, magistr we doktorlyk basgançaklarda 10,000 töweregi talyp okaýar. 2015-nji okuw ýylynda Eýranda ilkinji gezek kürt dili we edebiýaty bölümi açyldy, şol ýyl bu bölüme ilkinji gezek 40 okuwçy kabul edildi.
Uniwersitetiň fakultetleri:
- Dil we edebiýat fakulteti
- Ynsanperwerlik we jemgyýetçilik ylymlary fakulteti
- Esasy ylymlar fakulteti
- Tebigy baýlyklar fakulteti
- Oba hojalygy fakulteti
- Inženerlik fakulteti
- Sungat we binagärlik fakulteti
Ylmy-gözleg merkezleri
Nanotehnologiýalar ylmy-barlag instituty
Derman ösümliklerini öwreniş ylmy bölümi
Ýertudana ösümligi öwreniş ylmy-gözleg merkezi
Kürdüstany öwreniş ylmy-barlag instituty
Suw desgalaryny öwrenmek baradaky gözleg merkezi
Mikrotorlary we akylly ulgamlary öwrenmek baradaky gözleg merkezi
Tokaý hojalygyny öwreniş gözleg merkezi
Tehnologiýa kärhanalaryny ösdüriş merkezi
“Taýms” reýting ulgamy tarapyndan neşir edilen iň soňky netijelere görä, 2021-nji ýylda Kürdüstan uniwersiteti Eýranyň ähli uniwersitetleriniň arasynda 15-nji, Eýranyň döwlet uniwersitetleriniň arasynda 7-nji we dünýä sanawynda 601-800-nji orny eýeledi.
Uniwersitetiň web sahypasy: