Hoja Nasreddin Tusi adyndaky Tehnologiýa Uniwersiteti
Hoja Nasreddin Tusi adyndaky Tehnologiýa Uniwersiteti Tähranyň öňdebaryjy döwlet uniwersitetleriniň biridir we Eýranyň tehnologiki uniwersitetleriniň arasynda birinji ýerde durýar. Uniwersitet ilkibaşda 1928-nji ýylda döredildi. 1980-nji ýylda Medeni Rewolýusiýa geňeşiniň karary bilen 9 sany ýokary bilim merkezleriň birleşdirilmegi bilen täze uniwersitet esaslandyryldy.
Hoja Nasreddin Tusi adyndaky Tehnologiýa Uniwersitetinde 11 fakultet bar:
- Energetika fakulteti
- Maşyn gurluşygy fakulteti
- Gurluşyk fakulteti
- Aerokosmos tehnologiýalary fakulteti
- Senagat inženerligi fakulteti
- Geodeziki inženerligi fakulteti
- Kompýuter tehnologiýalary fakulteti
- Materiallar inženerligi fakulteti
- Matematika fakulteti
- Fizika fakulteti
- Himiýa fakulteti
Häzirki wagtda bu Tehnologiýa Uniwersitetinde 2 ylmy merkezi, 194 barlamhanasy, 13 gözleg merkezi, 3 gözleg topary, 6 ylmy-gözleg instituty, bilimi ösdürmek üçin 11 bilim kärhanasy we ýöriteleşdirilen ugurlardaky 28 ösüş merkezi bar.
Uniwersitetiň soňky on ýylda alyp barýan strategiki syýasatynyň netijesinde soňky ýyllarda magistr we doktorlyk basgançaklary güýçlendirildi we uniwersitetiň talyplarynyň 40% -den gowragy magistr we doktorlyk derejelerini alýar. Şeýle hem bu uniwersitet, Angliýanyň, Fransiýanyň, Gollandiýanyň, Germaniýanyň we Russiýanyň birnäçe uniwersitetleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär we magistr we doktorlyk basgançaklarda okaýan talyplar üçin birnäçe bilelikdäki halkara kurslary geçirýär. Şeýle hem, aerokosmos senagaty pudagynda birnäçe ýyl bäri Russiýanyň MADI uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk edýär.
2020-nji ýylda Hoja Nasreddin Tusi adyndaky Tehnologiýa Uniwersiteti QS reýting ulgamynyň sanawynda energetika we mehanika hünärleri boýunça ilkinji gezek Eýranyň uniwersitetleriniň arasynda 7-nji orny eýeledi we dünýädäki uniwersitetleriň arasynda 401-450 aralygynda durýar. Şeýle hem, 2020-nji ýyldaky “Taýms” reýting ulgamynyň Aziýa ýurtlary boýunça sanawynda, 2019-njy ýyldaky ýaly 201-250 aralygynda boldy.
Uniwersitetiň web sahypasy:
Ady | Hoja Nasreddin Tusi adyndaky Tehnologiýa Uniwersiteti |
Ýurt | Eýran |
Görnüşi | dahylly Döwlete |
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: