Milad diňi - Eýranyň iň beýik diňi

Milad diňi - Eýranyň iň beýik diňi

Milad diňi - Eýranyň iň beýik diňi

Ilatyň köpelmegi hem-de uly şäher ilatynyň artmagy arhitektorlary beýik binalary gurmak üçin täze taslamalary döretmäge itergi berdi. Häzirki wagtda şeýle beýik diňler döwrebap şäherleriň nyşanlary hökmünde tanalýar we olaryň eýeleri hem-de arhitektorlary diňleriň söwda taýdan peýdalanylmagyndan başga-da, olary syýahatçylaryň ünsüni çeker ýaly derejede gurulmagyna üns berýärler. Eýranda Milad diňi ýurduň iň beýik diňi adyna eýedir. Howa arassa bolan ýagdaýynda, beýikligi sebäpli bu diňi Tähranyň köp ýerinden görmek bolýar.

Milad diňiniň taryhy we aýratynlyklary

Dünýäniň iň beýik binalarynyň sanawynda Milad diňi (2024-nji ýylyň maglumatyna görä) 24-nji orunda durýar. Bu diň 435 metr beýiklikdedir we aragatnaşyk diňi hökmünde tanalýar. Aragatnaşyk ähmiýetli diňleriň arasynda Milad dünýäde altynjy iň beýik diň hasaplanýar. Diňiň umumy meýdany 13 müň inedördül metre ýetýär. Häzirki wagtda ol Tähranyň 2-nji etrabynda ýerleşýär we oňa Şeýh Fazlolla, Hemmat, Hakim hem-de Çemran şaýollaryndan baryp bolýar.

Düşündirişlere görä, Yslam rewolýusiýasyna çenli (1979) beýik aragatnaşyk diňiniň gurulmagy baradaky pikir orta atylypdy. Bu pikir 1990-njy ýyllaryň ahyrlarynda üýtgedilip, döwrebap görnüşe geldi we diňiň gurluşygynyň düýbi 1997-nji ýylda (1376-njy hijri-şemsi ýylynda) tutuldy. Guruljak ýeri saýlamak we taslamanyň ýerine ýetiriliş usullary baradaky barlaglar 1990-njy ýyllaryň başynda başlanyp, iki ýylyň dowamynda Tähranyň 21 nokady diňiň ýerleşmegi üçin saýlanyldy. Ahyrynda dört görnüş saýlanyp, olaryň arasynda Tähranyň günbatar bölegindäki Näsr (Gişa) depeleri iň amatly ýer hökmünde kesgitlenildi. Bu saýlawda aragatnaşyk, ýol gurluşygy, arhitektura, ykdysadyýet, meteorologiýa, şähergurluşyk we ýol gözegçilik pudaklary boýunça hünärmenler gatnaşdylar. Ýere rahatlyk bilen barma, beýiklik sebäpli diňiň Tähranyň ähli künjeginden görünmegi, geljekde giňeldiş taslamalary üçin mümkinçilik berýän giň meýdan, infrastrukturanyň golaý bolmagy we diňiň aragatnaşyk enjamlaryny has gowy ulanmaga mümkinçilik bermegi bu ýeriň saýlanmagynyň esasy sebäpleridir.

Milad diňi sekizburçly taslama boýunça gurlan. Diňiň ýüzünde 17 müň inedördül metre golaý aýna ulanylypdyr. Diňiň agramy takmynan 150 müň tonna diýlip hasaplanylýar. Diňiň beton sütüninde, ýagny «şaft» diýilýän bölüminde alty sany lift ýerleşdirilen. Bu liftler sekuntda 7 metr tizlige ýetýär. Gurluşyk işleriniň başynda diňiň ady «Ýadman» bolupdyr, emma 2001-nji ýylda (1380-nji hijri-şemsi ýylynda) Tähranyň şol wagtky şäher häkimligi Ymam Homeýniniň dogluşynyň 100 ýyllygyny hormatlap, adyny «Milad» diýip üýtgedipdir. Ahyrynda 11 ýyllyk gurluşykdan soň diň ulanylyşa berlipdir.

Milad diňiniň dürli bölümleri

Milad diňi jemi 12 bölümden ybaratdyr. Diňiň ýerzemin bölegi (lobbi) iki ýerzeminden, bir aşaky gatdan we onuň üstündäki üç gatdan ybarat. Bu ýerde diňiň ençeme inženerçilik desgasy ýerleşýär. Ýerzemin bölüminiň beýleki gatlarynda fontanlar, howuzjyklar, bag-bakçaly ýerler, emeli şaglawuk we arkaly potolok ýaly bezegler bar. Bu ýer dürli dabaralar we çäreler geçirmek üçin hem ulanylýar. El işleriniň galereýasy hem-de haly we sungat galereýasy diňiň başga iki bölümidir. Bu ýerlerde amaly - haşam we sungat önümleri sergilenýär. Ýapyk aýlaw meýdançasy diňiň dördünji bölümidir we deňiz derejesinden 261 metr beýiklikde ýerleşýär. Bu ýerde myhmanlar Tähranyň giň görnüşini aýnalaryň aňyrsyndan görüp bilýärler. Şeýle hem bu bölümde esasan Tähran şäher häkimligine degişli dürli zatlar ýerleşdirilendir. Diňiň başga bir möhüm bölegi - Meşhurlar muzeýi bolup, bu ýerde Eýranyň beýik şahsyýetleriniň heýkelleri ýerleşýär. 276 metr beýiklikde Tähranyň iň beýik aýlawly restorany ýerleşýär. Bu restoran her sagatda bir gezek aýlanýar. Diňiň 280 metr beýikliginde açyk görüş meýdançasy hem bar. Bu gat diňiň iň uly diametrli (60 metr) gatydyr we bu ýerden Tähranyň 360 derejeli doly görnüşi görünýär. Diňde «Iýmit jaýy» diýen bölüm hem bar. Bu ýerde dürli tagamlar hödürlenýär. Mundan başga-da 292 metr beýiklikde ýerleşýän aýratyn (VIP) restoran hem bardyr. Diňiň iň ýokarky gatynda - 302 metr beýiklikde «Asman gümmezi» ýerleşýär. Bu aýna gümmez 13 metr beýiklikde bolup, merkezinde sekizburçly diwar bar. Bu diwaryň üstünde Eýranyň mifologiýasy we milli nyşanlary şekillendirilipdir. Şeýle hem bu gatyň üstünde 120 metr beýiklikdäki antenna ýerleşýip, ol aşakda dörtburç görnüşinde başlap, ýokarlandykça 16 burça öwrülýär. Bu antenna poslamaýan polatdan ýasalyp, sanly we analog aragatnaşyk signallaryny güýçlendirmäge hyzmat edýär.

Ady Milad diňi - Eýranyň iň beýik diňi
Ýurt Eýran
WelaýatTähran
ŞäherTähran
RegistrationNo registration

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: