Hära biosfera goraghanasy - deňiz suwunda ösýän agaçlaryň ýaşaýan ýeri

Hära biosfera goraghanasy - deňiz suwunda ösýän agaçlaryň ýaşaýan ýeri

Hära biosfera goraghanasy - deňiz suwunda ösýän agaçlaryň ýaşaýan ýeri

Adatça, suwuň duzly bolmagy agaçlaryň ösmegine päsgel berýär, emma käbir agaçlar diňe şeýle ýerlerde - deňziň joşýan we çekilýän zolaklarynda ösüp bilýärler. «Hära» ýa-da «çal mangr» diýen agaç hem hut şeýle görnüşdir. Eýranyň günortasyndaky birnäçe ýer bu täsin we çydamly ösümligiň ösüp biljek ýerleri hökmünde tanalýar. Şolardan iň meşhurlarynyň biri hem Hära biosfera goraghanasydyr.

Hära agaçlarynyň aýratynlyklary

Hära agaçlarynyň iň möhüm aýratynlygy - duzly suwda ösmäge ukyply bolmagydyr. Onuň ýapraklarynyň uzynlygy 5 sm-e çenli ýetýär, miwesi bolsa badama çalym edýär. Gülleri ownuk, altynsöw nagyşly bolup, olaryň ysy birnäçe metr aralyga ýaýraýar. Bu agajyň boýy ýetişen wagty 3–6 metre çenli ýetip bilýär. Hära tohumy ilki agajyň özünde ösüp, soň suwa gaçýar we täze nahal bolup ösmäge başlaýar. Bu ösümligiň dürli peýdalary bar bolup, onuň şiresinyň deri guraklygyny aýyrmaga kömek etmegi, gabygynyň birnäçe dermanlarda ulanylmagy, agaçdan bolsa çöp, ýelim we dürli senagat önümleriniň taýýarlanylmagy bu peýdalaryň käbiridir. Hära agaçlary duzly suwy köklerinden süzýär we peýdaly minerallary saklap, artyk duzy ýapraklaryna geçirýär. Duzy köp bolan ýapraklar soň agaçdan gaçýar.

Hära biosfera goraghanasynyň geografiýasy we aýratynlyklary

Bu goraghananyň çäginde jemi 40 oba bar, olaryň 13-si günorta tarapda ýerleşýär. Şolaryň arasynda iň gadymylarynyň biri - Laft obasydyr. Bu ýerlerde ýaşaýan halk köplenç söwda, maldarçylyk, balykçylyk we gämi gurluşygy bilen meşgullanýar. Hära agaçlary 5°C-den pes temperaturalara çydamsyzlygy sebäpli diňe ýumşak we ýyly klimatly zolaklarda ösýärler. Dünýäde Afrikanyň gündogar kenarlary; Günbatar, günorta we gündogar Günorta Aziýa; Awstraliýa we Täze Zelandiýanyň käbir ýerleri bu ösümlik üçin amatlydyr. Eýranda bolsa Hära agaçlarynyň ösýän esasy 8 zolagy bar. Şol zolaklaryň iň meşhury hem Hära biosfera goraghanasydyr. Bu ýerler esasan, Keşm adasynyň demirgazyk-günbatary (Mehran we Gorzin derýalarynyň akabalary), Bender-Pol, Bender-Hamir we Hormoz adasynyň demirgazyk-gündogaryndaky giňişliklerdir. Bu tokaýlarda gür ýerleşen, uly ýaprakly we iňňeli agaçlar ösýär. Diňe bu goraghanada ösýän bir ösümlik görnüşi, Ibn Sinanyň hormatyna «Avicennia marina» diýip atlandyrylypdyr. Hära agajy elmydama gök öwüsýän ýaprakly görnüş bolandygy sebäpli, goraghana hem hemişe ýaşyl reňkdedir. Bu ýerdäki agaçlaryň kökleriniň uzynlygy gysga bolsa-da örän ýaýbaňdyrlar we ýeriň ýüzünde giňişligine ösýärler.

Bu goraghanada ösümlikleriň köpdürlüligini görüp bilmesek-de, bu ýer dürli oňurgasyzlar, balyklar (17 maşgaladan 32 görnüş) hem-de köp sanly guşlar üçin amatly ýaşaýyş ýeri bolup durýar. Şeýle hem bu ýerde iki görnüş deňiz pyşdylynyň bardygy bellidir.

Hära goraghanasynyň milli we halkara derejesinde hasaba alynmagy

1972-nji ýylda (1351-nji hijri-şemsi ýylynda) 82 müň 360 gektar meýdandan ybarat bolan bu ýer goragly sebit hökmünde bellige alyndy we 1975-nji ýylda (1354-nji hijri-şemsi ýylynda) giňeldilip, milli seýilgäh derejesine çykaryldy. Soňra bolsa ÝUNESKO guramasy tarapyndan Biosfera goraghanasy hökmünde resmi sanawa girizildi. Şeýle hem Hära tokaýlyklary Huran bogazynyň gülzarlyklary we derýalary bilen bir hatarda Halkara Ramsär konwensiýasynyň «Bütindünýä suw-batgalyk sebitleri» sanawyna goşuldy. Bu Konwensiýa suwda ýaşaýan guşlaryň ýaşaýyş gurşawy bolan batgalyklary gorap saklamak maksady bilen  1971-nji ýylda (1350-nji hijri-şemsi ýylynda) Rämsar şäherinde kabul edilýär.

Ady Hära biosfera goraghanasy - deňiz suwunda ösýän agaçlaryň ýaşaýan ýeri
Ýurt Eýran
WelaýatHormozgan
ŞäherKeşm
GörnüşiNatural
RegistrationUnesco,Milli

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: