Häranäk suw geçiriji köpri Eýranyň ýeke-täk milli suw geçiriji köprüsi

Häranäk suw geçiriji köpri Eýranyň ýeke-täk milli suw geçiriji köprüsi

Häranäk suw geçiriji köpri Eýranyň ýeke-täk milli suw geçiriji köprüsi

Çöllük Ýäzd welaýaty demirgazyk ýarymşaryň gurak we ýarym gurak guşaklygynyň bölegi bolup, Şirkuh we Häranäk dag gerişleriniň arasynda ýerleşýär. Häranäk Ýäzd welaýatynyň Ardekan etrabynyň obalarynyň biri bolup, gyzgyn we gurak klimata eýedir. Bu etrap dürli tarapdan möhümdir. Çadormolu demir ýatagynyň, Sagänd uran ýatagynyň, şeýle-de barit, sink we granit gorlarynyň geçi, goýun, ýabany pişik, garagulak, geçigaplaň ýaly haýwan görnüşleriniň ýaşaýan Deränjir goraghanasynyň ýanynda ýerleşmegi Ardekany Ýäzd welaýatynyň iň üýtgeşik etraplarynyň birine öwürdi. Häranäk Ardekan şäherine 60 kilometr uzaklykda ýerleşip, gadymy taryha we gymmatly medeni mirasa eýedir. Häranäk ady “Huränäk” ýa-da “Huranäk” sözlerinden gelip çykyp, “Günüň dogýan ýeri” ýa-da “Günüň gelýän ýeri” diýen manyny berýär. Bu obada gala, hammam, kerwensaraý, suw howdany we metjit ýaly taryhy binalar ýerleşýär, ýöne Häranägiň tutuş Eýranda deňi-taýy bolmadyk täsinlikleriň biri suw geçirilmegi hem-de pyýadalaryň geçmegi üçin ulanylýan iki maksat bilen gurulan suw geçiriji köprüsidir.

Häranäk köprüsiniň gysgaça taryhy

Eger-de müňýyllyk taryha eýe bolan suw geçiriş desgalary bolan kanal we onuň akabalaryny göz öňünde tutmasak, Häranäk köprüsi Ýäzd welaýatynyň iň gadymy suw geçiriji desgalarynyň biri hasaplanýar we bu ýerdäki suw geçiriş usuly ýerli we täsindir. Hünärmenleriň çaklamagyna görä, köpriniň binýady Seljuklylaryň döwründe (XI asyrda), ýokarky bölekleri bolsa Gajarlaryň döwründe (XIX asyrda) gurlupdyr. Emma, Häranägiň ýaşulylarynyň aýtmaklaryna göra, ýokarky bölek ýüz ýyl mundan öň siliň gelmegi sebäpli  ýykylypdyr we Gajarlar döwründe täzeden dikeldilipdir. Dikeldiş döwründe köpri inženerçilik ýörelgeleriniň berjaý edilmegi we “Düýäniň boýny” atly täze desganyň goşulmagy bilen has ajaýyp şekle eýe boldy.

   Ýerli ýaşaýjylar Häranäk köprüsiniň toplumyny “Abbare Kal” ýa-da “Estro köprüsi” diýip atlandyrýarlar. “Abbare” sözi bu ýeriň şiwesinde “Suw geçiriji” diýmegi, “Kal” sözi bolsa, “köpriň aşagyndan geçýän möwsümleýin derýa” diýmegi aňladýar.

   Şeýle-de “Estro” derýanyň garşy tarapyndaky ýeriň ady bolup, köpri adamlaryň bir tarapdan beýleki tarapa geçmekleri üçin ýol bolupdyr. “Düýäniň boýny” bolsa suw akymy bilen dörän eroziýanyň netijesinde ýüze çykan tebigy emele gelme bolup durýar. Bu gurluşyň şekli köpriden geçýän suw akymynyň çökündilerden arassalanyp, dury bolmagyna täsir edýär.

   Häranäk köprüsiniň arhitekturasy we aýratynlyklary

Bu köpriniň kerpiçden gurlandyr. Kerpijiň ulanylmagy köpriniň kuwwatlylygynyň sebäbi hasaplanýar. Köpriniň binýadynda ulanylan kerpiçler gyzyl reňkde bolup, eroziýa sezewar bolupdyrlar. Kerpiçleriň aralaryna ýörite garyndy çalynandyr. Binýatlar birnäçe daş gatlaklarynyň üstünde durandyr. Ýokarky bölegiň kerpiçleri sary reňkde bolup, olaryň täzeräkdigi bilidirip durandyr. Binýadyň kerpiçleriniň ölçegi 25x25x5 santimetr bolup, ýokarky bölegiň kerpiçleriniň ölçegi 20x20x5 santimetrdir. Köprüde 4 sany arka we 3 sany binýat bolup, olaryň uzynlygy 40 metr, giňligi 510 santimetr we beýiklikleri 570 santimetrdir. Köpriniň gyşarmasy 2% bolmak bilen ol suw akymyna täsir edýär. Bu köpri henizem ýagyş ýagan wagtynda suwy bir tarapdan beýleki tarapa geçirýär.

Köpriniň hasaba alynmagy

Suw geçiriji köpri we “düýe boýny” toplumy 2014-nji ýylda (1393-nji hijri-şemsi ýylynda) Eýranyň milli miras sanawynda hasaba alyndy.

Ady Häranäk suw geçiriji köpri Eýranyň ýeke-täk milli suw geçiriji köprüsi
Ýurt Eýran
WelaýatDazd
ŞäherArdakan
GörnüşiNatural
RegistrationMilli

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: