Ferdöwsi adyndaky Uniwersitet
Ferdöwsi adyndaky Uniwersitet
Maşatdaky Ferdöwsi adyndaky uniwersitet Eýranyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda iň köne uniwersitetleriň biri bolup, döredilen wagty boýunça üçünji orunda durýar. Uniwersitet 1949-njy ýylda Maşatda döredildi. Bu uniwersitet Eýranyň gündogar bölegindäki iň uly uniwersitetdir. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebinde 800-den gowrak zähmetsöýer mugallym işleýär, şeýle hem uniwersitetde bakalawr, magistr we doktorlyk basgançaklarda 25,000-den gowrak talyp okaýar, şolardan 2000-den gowragy daşary ýurtly talyplar. Bu uniwersitetiň örän uly, owadan we ýaşyl uniwersitet şäherçesi bar we on ýyldan gowrak wagt bäri daşky gurşawy goramak boýunça Ferdöwsi adyndaky uniwersitet ýaşyl uniwersitet diýip hasaplanýar. Demirgazyk-gündogar sebitdäki bu uniwersitetiň özboluşly hyzmatlarynyň arasynda täze ylmy oýlap tapyşlara baha bermek we ylmy tassyklama bermek hyzmaty, ýurduň gündogaryndaky Eýran Ylymlar Laboratoriýasy Ulgamynyň sekretary we Nanotehnologiýa Laboratoriýa Torunyň agzasy hökmünde ýöriteleşdirilen maglumat howpsuzlygy we barlamhanalaryň arasynda aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürlemek ýaly hyzmatlar aýratyn ähmiýete eýedir.
86 ýurtdan 1500-den gowrak uniwersiteti öz içine alýan US News reýting ulgamynyň iň soňky netijelerine görä, Maşatdaky Ferdöwsi adyndaky uniwersitet dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň hataryna girýär we dünýäde 941, Aziýada 229 we Eýranyň Ylym, gözleg we tehnologiýa ministrliginiň garamagymdaky uniwersitetleriň arasynda 10-njy orunda durýar. Mundan başga-da 2021-nji ýyldaky bu ulgamyň hünärler boýunça reýtinginde Ferdöwsi adyndaky uniwersitet ýedi hünär boýunça dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň hataryna girmegi başardy: oba hojalygy ugry boýunça (171-nji ), himiýa inženerligi ugry boýunça (246-njy), himiýa ugry boýunça (688-nji ), energetika we elektronika ugry boýunça (387-nji ), energiýanyň we ýangyjyň görnüşleri ugry boýunça (192-nji), inženerlik tehnologiýalary ugry boýunça (249-njy) we mehanika ugry boýunça (64-nji) ýerleri eýeledi.
Uniwersitetiň fakultetleri:
- Edebiýat we ynsanperwerlik ylymlary fakulteti
- Ylahyýet we Yslam dinini öwreniş fakulteti
- Sport ylymlary fakulteti
- Weterinariýa fakulteti
- Dolandyryş we ykdysadyýet ylymlary fakulteti
- Pedagogika we psihologiýa fakulteti
- Matematika ylymlary fakulteti
- Oba hojalygy fakulteti
- Inženerlik fakulteti
- Binagärlik we şäher gurluşygy fakulteti
- Tebigy baýlyklar we daşky gurşaw fakulteti
- Uniwersitetiň ýanyndaky kolleji
Ylmy-gözleg merkezleri
- Gün we howa baradaky ylmy-barlag instituty
- Botanika ylmy-barlag instituty
- Suw baýlyklary we daşky gurşaw baradaky ylmy-barlag instituty
- Biotehnologiýalar baradaky ylmy-barlag instituty
- Nebit we gaz baradaky ylmy-barlag instituty
- Aerokosmos tehnologiýalar baradaky ylmy-barlag instituty
- Syýahatçylyk we zyýarat üçin ýerler baradaky ylmy-barlag instituty
- Yslam dinini öwreniş boýunça ylmy-barlag instituty
Gözleg merkezleri
- Amaly zoologiýa gözleg merkezi
- Tehniki we ykdysady nukdaýnazardan ýol howpsuzlygy boýunça ylmy- gözleg merkezi
Uniwersitetiň web sahypasy:
Ady | Ferdöwsi adyndaky Uniwersitet |
Ýurt | Eýran |
Görnüşi | dahylly Döwlete |
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: