Filbänd - bulutlaryň üstündäki gezelenç
Käbir ýerler sungat eserine meňzeýär - edil düýşde görýän sahnalarymyz ýaly! Şeýle ýerler sungat ussadynyň ruhuny ganatlandyrýar we adamy hem adaty durmuşdan has ýokary wakalara alyp gidýär. Eýranda şeýle ýerleri aýratyn-da Hazar deňziniň demirgazyk kenarýaka böleklerinde, gözel Zagros daglary we gür tokaýlar bilen bir ýerde görmek bolýar. Bu sebitleriň arasynda Filbänd müňlerçe eýranlynyň arzuwly syýahat maksadyna öwrülen, örän meşhur bir ýerdir.
Filbänd nirede ýerleşýär?
Filbänd obasy Mazenderan welaýatynyň Babol etrabynda ýerleşýär. Babol bu welaýatyň iň köp ilatly etraby hasaplanýar. Babol şäheri etrabyň merkezi bolup, deňiz derejesinden 2 metr aşakda ýerleşýär. Babol etraby düzlük we daglyk diýen iki bölekden durýar: düzlük bölegi etrabyň demirgazyk we merkezi ýerlerinde ýerleşýär, daglyk bölegi bolsa - etrabyň günorta we günbatar tarapynda ýerleşip, uly ýaprakly tokaýlaryň hem iň köp duşýan ýeridir. Etrabyň düzlük bölegi deňiz kenarynda ýerleşip, Alborzyň demirgazyk eteklerindäki derýalaryň çökündi gatlaklary hem şu zolakda ýerleşýär. Bu geografiýa taýdan tapawutly ýerler köllere, bentlere, dürli görnüşli agaçlardan ybarat tokaýlara, çeşmelere we sähraly ýaýlalara baý bolup, köp sanly tebigy gözellikleri özünde jemleýär. Şonuň üçin Babol gadymy taryhy bilen bilelikde tebigy gözellikleri bilen hem meşhurdyr. Emma olaryň içinde Filbänd iň gözel we iň köp myhman kabul edýän ýerleriň biri hasaplanýar.
Filbänd – Günbatar Bendepe geňeşliginiň Hoşrud obasynyň düzümine degişli oba bolup, ol demirgazyk-günbatarda Sängçal obasy, günortada Wenebon sährasy, günorta-gündogarda Şeýh Musa we Lehe Babol obalary bilen araçäkleşýär. Babol şäheriniň günorta-günbatarynda ýerleşýär. Şäherden Filbänd obasyna barmak üçin Amel şaherinden Heraz ýoluna tarap gitmeli. Bir az ýol geçenden soňra, bir tunel çykar we ondan soňra çep tarapda Çelaw obasyna görkezýän belgi görner. Şondan soň öri meýdanlar we belentlikler arkaly Filbände ýetilýär.
Tährandan gelýänler Haraz ýoluna çykmaly, Rudhän we Älimestan tokaýyndan geçmeli we «Peren» diýen obanyň garşysyndan Filbänd ýoluna öwrülmeli. Bu ýol takmynan 30 km dowam edýär we Paşakola hem-de Sängçal obalaryndan geçýär. Tähran bilen Filbändiň arasy takmynan 170 km. Ýagyş ýagýan mahaly Sängçal bilen Filbänd aralygy maşyn sürmek örän kyn we howply bolýar.
Filbändiň aýratynlyklary we ýaşaýjylary
Filologlar «Filbänd» adynyň Mazenderan şiwesinde «Felbän» görnüşinde aýdylýandygyny we “ýadamak” manysyny berýän “fel” hem-de “tamamlamak” diýmegi aňladýan “bän” diýen iki bölekden durýandygyny aýdýarlar. Şonuň üçin Filbänd - aýlawly ýollardan geçip ýören ýerli halk üçin ýadawlygyň soňuna çykylýan ýer diýmegi aňladýar. Filbänd deňiz derejesinden 2700 metr beýiklikde ýerleşýär. Şonuň üçin hem oňa «Mazenderanyň depesi» diýilýär.
Filbändiň gözel görnüşleriniň ol ýerde bolmasaň duýup bolmaýan täsiri we söz bilen taryplap bolmajak derejesi bardyr. Säher bilen aýaklaryň aşagynda bulutlaryň hereket edýändigini duýmak bolýar. Filbändiň beýik daglar bilen gurşalandygy sebäpli, ýagyşdan soň emele gelen çyglyk çykalga tapman, obanyň aşagynda bulut görnüşinde ýygnanýar. Şonuň üçin hem «bulutlaryň üstünde gezelenç etmek» diýen ajaýyp duýgyny diňe Filbändde başdan geçirmek mümkin. Bu ýerde ýygy-ýygydan ýagyş ýagýandygy sebäpli tebigat hemişe täzeligini saklaýar. Tomusda howanyň ýumşak we oňaýly bolýandygy üçin tomus pasly syýahatçylyk üçin iň gowy möwsüm hasaplanýar. Filbänd düzlük ýer bolandygy sebäpli, gyşda howa gaty sowuk bolýar we şonuň üçin oba boşap galýar. Klimatyň has sowuk bolmagy sebäpli bu ýerde diňe garaýaprakly agaç, turşy garaly, dag zirki we dag üzümi ýaly birnäçe ýerli ösümlik ösýär.
| Ady | Filbänd - bulutlaryň üstündäki gezelenç |
| Ýurt | Eýran |
| Welaýat | Mazandaran |
| Şäher | Babol |
| Görnüşi | Natural |
| Registration | No registration |






Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: