Hünji düzmek sungaty
Hünji düzmek sungaty Eýranyň Sistan we Bulujystan welaýatlarynyň gelin-gyzlarynyň el işleriniň arasynda aýratyn orun tutýar. Bulujystanyň çeper elli zenanlaryň hünjüden düzýän iň owadan nagyşlary Gaç, Karmuç, Miti we Buluj diýlip atlandyrylýar.
Eýranda bu sungatyň dörän ýeri Sistan we Bulujystan welaýatynyň Zabol şäheridir, beýleki sebitlerde bu el işi seýrek duş gelýär. Bulujystanyň ýerli şiwesinde hünji düzmek el işine "iran saman" diýilýär, ýerli ilatyň arasynda bu sungatyň muşdaklary örän köp. Bu nepis hünär ýaş çatynjalaryň otagyny, ýaşaýyş jaýlaryň otaglaryny we eşikleri bezemek üçin ulanylýar. Matada nagyş düzmek üçin diňe hünji däl-de, eýsem dürli reňkli, ýalpyldawuk paýetkalar[1] hem ulanylýar. Sistanyň gelin-gyzlary hünji bilen birlikde dürli şekilli monjuklary, ilikleri, düwmeleri, zerli sapaklary ulanýarlar.
Hünjiden düzülen nagyşlar milli eşikleri, ýeňsizleri, guşaklary, ýaşaýyş otaglarynyň diwarynyň ýokarky gyrasynda asylýan şemdanlary bezemek üçin, şeýle hem çarwa taýpalarda çadyrlary bezemek, käte bolsa düýe ýaly haýwanlary bezemek üçin ulanylypdyr.
Çeper elli zenanlar ilki bilen matanyň ýüzünde nagyş çekýärler, soň bolsa nagyşa görä hünjiler we monjuklary köp sanly ownuk tikin bilen mata tikýärler.
Hünji düzmek el işiniň esasy merkezleri Iranşahr, Espeke, Çanf, Ahvaran we Daştýari ýaly etraplar, şeýle hem Zahedan we Haş şäherleriň etraplary.
[1] Paýetka – (fr. Paillette – “altyn çägäniň dänesi, altyn zerresi”) - mata ýa-da başga materiallara sapak bilen birikdirmek üçin ýalpyldawuk materialdan ýasalan tegelek ýa-da köpburçly kiçijik teňňejikler
Ady | Hünji düzmek sungaty |
Ýurt | Eýran |
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: