“Monabbatkari” (agajyň ýüzüni oýup nagyş salmak) sungaty
“Monabbatkari”, ýagny agajyň ýüzüni oýup nagyş salmak sungaty - agaç bilen baglanyşykly iň möhüm sungat görnüşleriniň biridir. Agaç oýulanda, käwagt diňe nagyşlaryň çyzgysy we gyralary oýulýar, käwagt bolsa “mogar” diýilýän ýörite gural bilen güberçekli, ýarym güberçekli we doly güberçekli nagyşlar oýulýar. Taryhy çeşmelere görä, bu sungatyň iň köne nusgasy hijri-kamary ýyl hasaby boýunça III-nji asyryň birinji ýarymyna degişli bolup, Şyrazdaky “Atig” atly Baş metjidiniň agaç gapysydyr. Gapynyň özi derek agaçdan ýasalan we hoz agajyndan bäşburçluk nagyşlar bilen bezelendir. Bu sungatyň başga bir nusgasy IV-nji asyra degişli ajaýyp nepislik bilen nagyşlanan girelge, onuň ýüzünde “kufi” ýazgylary üç santimetr çuňlukda oýulyp ýazylypdyr. Bu sungat XI asyrda Sefewiler döwründe iň ýokary derejesine we gülläp ösmegine ýetdi we köp metjitleriň gapylaryny bezemek üçin ulanyldy. “Monabbatkari” sungaty Eýranyň köp şäherlerinde henizem ulanylýar.
Ady | “Monabbatkari” (agajyň ýüzüni oýup nagyş salmak) sungaty |
Ýurt | Eýran |
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: