Sefi-Abad köşgi Mazandaran welaýatynyň Behşahr şäherinde ýerleşýär. Bu köşk Şah Abbasyň (1571-1629 ý.ý.) buýrugy bilen gurlup, Şah Sefi döwründe dikeldildi.
Düzlüge barýan belentlikleriň ýokarsynda ýerleşýän Sefi-Abad köşgi, iki gatly inedördül görnüşinde owadan bagyň ortasynda gurlupdyr. Köşgüň girelgesi demirgazyk tarapda ýerleşýär. Bäş basgançakdan geçip köşgüň birinji gatyna baryp bolýar. Birinji gatda birnäçe otaglar bar, olara koridordan we eýwandan girip bolýar. Ikinji gatda hem koridorlar we owadan otaglar bar. Köşgüň içki diwarlary dürli nagyşlar bilen bezelen, häzirki wagtda nagyşlaryň diňe yzlary galypdyr.