Lorestan aýdym-sazy

Lorestan aýdym-sazy

Lorestan aýdym-sazy

Lorestan topragynda Lori, Laki we Bahtiari ýaly üç medeniýet asyrlar boýy ýaşap gelýär. Bu üç medeniýet dürli ugurlarda we şol bir taryhy we medeni baglanyşykda birek-birege täsir edipdir, olaryň hersi özbaşdak medeni aýratynlyklaryny gorap saklapdyr. Lorestanyň sazy köne, orta we täze döwürleri öz içine alýan üç bölege ýa-da üç dürli döwre bölünýär. Başga bir nukdaýnazardan seredilende, bu sazy aşakdaky görnüşlerde gysgaça jemläp bolar: iş sazy, sur sazy, ýas sazy, Ýarasan sazy, Şahnameh aýdymy, harby aýdym we başgalar. Hora gadymy eýran aýdymlarynyň bir gňrnüşidir, Mor ýas üçin aýratyn bolan Hora görnüşleriniň biridir we matam dabaralary üçin aýdym bolan Sarihani bu sebitdäki aýdym-sazyň başga bir görnüşidir. Lori we Lekiniň aýdym-sazlary, düýpli tapawutlara garamazdan, umumy aýratynlyklara eýedir. Lori we Lekiniň sazynyň arasyndaky tapawut tonal aýratynlyklarda, sözlerde we şiwede - dilde bolýar. Bu tapawutlar Moýanyň aýdymlarynda aýdyň görünýär.

 Ali Dustiniň aýdym we tanslary bu sebitiň aýdym-sazlarynyň bir bölegi. Aýdymlar köplenç gyjak we tembak bilen bilelikde ýerine ýetirilýär we tans sazyny Surnaý we Dep bilen ýerine ýetirýärler. Sangin Sama, Sepa, Dupa, Uşari (Aşiri, Şane Şeki), Çepi, Oramani, Han Amiri we Halparke tanslara we oýunlara degişlidir.

Bu sebitde  giňden ýaýran saz gurallara surnaý, dep, gyjak, tambak, daýyra, tüýdük we tanbur degişlidir.

Ady Lorestan aýdym-sazy
Ýurt Eýran
Görnüşitapgyry Habarlar

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: