Saz

Eýranyň milli sazy,

Eýranyň milli sazy, Eýranyň nusgawy sazy , saz gurallary, aýdymlary hökmünde tanalýan Eýranyň milli aýdym-sazlary, nagmalary Milady Mäsihden öňki ýyllardan şu güne çenli has ýakymly, has ýönekeý we has düşnüklileri biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir.

Eýranyň milli sazy, Eýranyň nusgawy sazy , saz gurallary, aýdymlary hökmünde tanalýan Eýranyň milli aýdym-sazlary, nagmalary Milady Mäsihden öňki ýyllardan şu güne çenli has ýakymly, has ýönekeý we has düşnüklileri biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Merkezi Aziýanyň, Owganystanyň, Päkistanyň, Azerbaýjanyň, Ermenistanyň, Türkiýäniň we Gresiýanyň köp bölegi bu aýdym-sazyň täsirinde we olaryň hersiniň bu sazyň üýtgemeginde öz täsiri bardyr.  Sazandalardan ýa-da başgaça aýdylanda gadymy Eýranda aýdym-saz çalýanlardan "Barbad", "Nakisa" we "Ramtin" ýatlap bolar.

Her bir eýran saz guraly, dürli eýran aýdym-sazynyň yzygiderliligi bolup, diňleýjä aýratyn duýgy we hyjuw berýär.

Eýranyň milli sazynda ýedi nota we alty owaz bar. Eýranyň ýedi notasy:

  1. -    Şur
  2. -    Segah
  3. -    Çhargah
  4. -    Homaýun
  5. -    Mahur
  6. -    Nowa
  7. -    Rastpänjgah

Eýranyň milli aýdym-saz toparlary her ýyl dürli halkara festiwallara we dabaralara gatnaşýarlar we muşdaklaryň söýgüsine eýe bolýarlar.