Hormozganyň sazy

Hormozganyň sazy

Hormozganyň sazy

Hormozgan welaýatynda dürli medeniýetler bar. Asyrlaryň dowamynda Eýranyň günorta deňizleriniň kenarýaka ýaşaýjylarynyň medeniýeti, goňşulary we deňizleriň günorta kenarlarynyň medeniýetleri bilen arabaglanyşygy we Afrika ýurtlaryndan,  Arap ýurtlaryndan gelen immigrantlar bilen gatnaşygy sebäpli agzalan medeniýetleriň garyndysyna öwrüldi. Hormozganda aýdym-saz we medeni görnüşler dürli-dürli we reňkli bolup, adamlaryň durmuşynyň dürli ugurlaryny öz içine alýar. Hormozganyň gündogar, günbatar, merkezi we demirgazyk sebitleriniň hersiniň biri-biri bilen baglanyşykly we düýpli tapawutlary bolan özboluşly medeniýeti we sazy bar. Toý dessurlary, ýas, bejeriş sazy we sopuçylyk dabaralary Hormozganyň medeniýetiniň we sazynyň möhüm böleklerini emele getirdi.

Toý dabarasywe şadyýan aýdym-saz . Toý aýdymlary bu welaýatyň gündogaryndan günbataryna ep-esli dürlülikde akýan bu sebitiň aýdym-sazynyň giň we möhüm bölegidir. Bu gurnama görnüşinde ulanylýan saz gurallar Hormozganyň dürli sebitlerinde tapawutlanýar. Ud, Morwas, dep, daýyra , surnaý, tembak ,wolynka, nagara, nijafti,  tüýdük, çak bu sebitiň saz gurallaryndandyr. Toý dabarasynyň aýdymlary köplenç solist we gatnaşyjylaryň seslenmesi bilen ýerine ýetirilýär.

Ahl Hawa dabarasynyň sazy.

Ahl Hawa ynanjyna görä, şemallar adam bedenini we janyny basyp alýan syrly we jadyly güýçlerdir. Hormozganda iň meşhur ýelleriň arasynda Zar, Narban, Maşaýh, Liwa we ş.m. bar, olaryň hersiniň dürli görnüşleri bar. Bu ýelleriň öňüni almak diňe ýörite ýygnanşyklary we däp-dessurlary geçirmek arkaly mümkindir. Bu dabarada aýdym-saz we  saz gurallar möhüm rol oýnaýar. Dürli görnüşdäki deri gurallary  bu dabarada ulanylýan iň möhüm gurallardyr. Ahl Hawa Majalsyň sazy, maýallaryň özleri we olara degişli ynançlar ýaly afrikaly gelip çykyşy bolup, birnäçe asyrlar mundan ozal Afrikadan gullar we immigrantlar tarapyndan Eýranyň günorta kenaryna getirilipdi. Elbetde, bu geçiş möhüm üýtgeşmeler bilen utgaşdy.

Iş sazy. Iş aýdymlary Hormozganyň sazynyň bir bölegi bolup, geografiki ýerleşişi we adamlaryň ýaşaýyş durmuşy sebäpli olaryň möhüm bölegi deňiz işleri bilen baglanyşyklydy. Gämi duralgasy, balyk tutmak, ýelkenli gämi, gämi sürmek, ýük daşamak we ş.m. aýdymlary bu aýdymlaryň dürli görnüşleridir. Bu aýdymlar köplenç solist bilen ýoldaşlarynyň arasynda aýdym aýdyşmak görnüşinde ýerine ýetirilýär.

Hüwdiler, sopy aýdymlary we ýas aýdymlary hem Hormozgan sazynyň gňrnüşlerindendir.

Ady Hormozganyň sazy
Ýurt Eýran
GörnüşiBadgir

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: