Edebiýatyň meşhur  şahsyýetleri / Suhrawardi

Edebiýatyň meşhur şahsyýetleri / Suhrawardi

Edebiýatyň meşhur şahsyýetleri / Suhrawardi

Abu al-Futuh Ýahýa Ibn Habaş Amirak, Şahabuddin,  hijri ýyl hasaby boýunça altynjy asyryň  mistiki filosofy,  Yşrakizm (yşyklandyryş) pelsepesini döreden, şonuň netijesinde Şeýh Yşrak  ady bilen tanalýar.

Suhrawardi  Zenjan welaýatyndaky  Suhraward obasynda  doguldy. Mälim bolşy ýaly,  eýýäm ýetginjeklik döwründe onuň adatdan daşary aňy ony bilim gözlemek üçin  syýahat etmäge höweslendirdi. Başda ol Maraga şäherinde Majiduddin  Jilininiň  okuwçysy boldy. Soňra  Isfahana gitdi we bar bolan maglumatlara görä,   Zahiruddin  Gary  (Farsi)  bilen ylymlrary öwrenip başlady.

Şondan soň köp syýahat etdi we ýaşlygynda filosof hökmünde tanaldy we ahyrynda Halap (Aleppo)  şäherine gitdi. Halapyň hökümdary Soltan Salahuddin Aýubiniň ogly Malik Zahir oňa hormat goýýardy, ýöne şäheriň dini alymlary onuň ynançlary  sebäpli  ony dinden çykan haspladylar   we  Malik Zahirden ony  öldürmegi talap etdiler.  Malik Zahir  olaryň haýyşyna çynlakaý garamady. Soňra dindarlar Soltan Salahuddina   hat  ýazyp, ony ogluna garşy durmaga mejbur etdiler. Diniň esaslaryna yhlas bilen hormat goýan  Soltan Salahuddin  dindarlaryň  hatyndan  howpyň  abanýandygyny duýdy.  “Eger ol diri galsa, dini  we bütin dünýäni Soltana garşy goýar”.  -  diýip olar hatlarynda ýazypdyrlar. Şonuň üçin Soltan Salahuddin  ogluna ony öldürmegi buýurdy. Malik Zahir oňa ölüm jezasyny bermäge mejbur boldy we Suhrawardi 38 ýaşynda Halap galasynda öldürildi (onuň öldürilmegi barada başga rowaýatlar hem bar). Şeýh Yşrak öldürilenden soň, Halap şäherinde ol hakda dürli pikirler aýdyldy we oňa  ateizmden başlap,  takwalyga we keramatlyga çenli  hemme zat oňa ýöňkeldi.

Şeýh Ysragyň eserlerine göz aýlamak we öwrenmek bilen,  din alymlaryň  näme üçin oňa garşy çykandyklary belli bolýar. Ol özünüň käbir eserlerini arap dilinde, käbirini pars dilinde ýazypdyr we  ýazan eserlerinde grek filosofiýasyny we yslamdan öňki eýran ideýalaryny  garypdyr.  Bir tarapdan, şol döwürde filosofiýada we ylahyýetde ulanylmaýan adalgalary döredip başlasa, beýleki tarapdan , mistikleriň we sopylaryň aňlatmagyna ýakyn bir stil we usul bilen şol döwürde täze, çylşyrymly, geň we hatda howply bir dil ulandy.

Ol öz pelsepesini “Yşyklandyrmagyň hikmeti” diýip atlandyrdy we simwoliki dili ulandy we ýagtylyk, garaňkylyk, gün, ýyldyzlar we ş.m. elementleri girizdi. Şeýh Ysragyň ýazan eserleri köp we käbirleri juda kyn. Onuň birnäçe eseri, şol sanda “Yşyklandyryş paýhasy” we “Ýagtylyk ybadathanasy” ýaly eserler öwrenildi.

Onuň eserleriniň doly ýygyndysy Genri Korbiniň  we Seýid Huseýn Nasryň tagallalary bilen dört jiltde  neşir edilmäge taýýarlandy (Tähran, 1977 ý.).

 

 

Ady Edebiýatyň meşhur şahsyýetleri / Suhrawardi
Ýurt Eýran

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: