Haýýam Nişapuri (hijri-şemsi ýyl hasaby boýunça 426-502 ý.ý. / milady ýyl hasaby boýunça 1047-1123ý.ý.) - eýranly filosof, matematik, astronom, şahyr.
“Haýýam” ady bilen tanalýan Hojjat-ul-Hak Hakim Abu al-Fatah Omar ibn Ybraýym Haýýami Nişapuri Nişapurda dünýä indi. Ol Seljuk döwletiniň hökümdary Mälikşanyň döwürdeşi bolup, onuň köşgünde lukmanyň we astronomyň wezipesini ýerine ýetiripdir. Astronomiýa we lukmançylykdan başga-da, ol hikmet, matematika we pelsepe ussadydy. Ýaşan wagty onuň şöhraty poeziýa bilen däl-de, akyl-paýhasy we hikmeti bilen baglanyşyklydy. Haýýamyň döwürdeşleri, oňa danalykda Ibn Sinadan has ýokary baha berýärdiler we astronomiýa kanunlaryny kesgitlemekde Haýýamyň sözlerini şübhesiz diýip hasaplaýardylar.
Haýýam Mälikşanyň buýrugy bilen Abu al-Abbas al-Lukriýa we Abu al-Fatah al-Hazani bilen bilelikde ylmy obserwatoriýany döredip, oňa ýolbaşçylyk edipdir, bu obserwatoriýa tä Mälikşa dünýäden ötýänçä işläpdir. Beýik akyldar ýogalandan soň Nişapuryň golaýyndaky Mahrug öwlüýäsinde jaýlanypdyr.
Şu günki gün Haýýamyň şan-şöhraty onuň döreden çeper rubagylary bilen baglydyr, emma gadymy çeşmelerde onuň ady şahyr hökmünde däl-de, "akyldar, matematik we astronom” hökmünde agzalýar. Goşgulary düzmek üçin rubagy[*] formasyny saýlamak, onuň şahsyýetine we pelsepesine laýyk gelýärdi. Onuň rubagylary örän sada, ýöne çuňňur manylydyr. Rubagylarynda Haýýam özüniň pelsepe pikirlerini beýan edýär. Käbir alymlar onuň ýazan rubagylarynyň sanyny 57 , käbirleri 66 diýip hasaplaýarlar.
Haýýamyň birnäçe rubagysy ýazylan iň gadymy çeşme, hijri-kamary ýyl hasaby boýunça 555-nji ýylda (milady ýyl hasaby boýunça 1160-njy ýylda) ýazylan Zahiri Samarkandiniň “Sanadbadnama” traktatydyr, onda 5 sany rubagy ýazylan.
Iňlis şahyry Edward Fitsjerald Haýýamyň rubagylaryny iňlis diline ilkinji bolup terjime etdi.
Haýýamyň arap we pars dillerinde ýazylan eserleriniň arasynda “Algebra we gapma-garşylyk baradaky traktat” , “Barlyk hakynda traktat”, “Nowruznama” we başga eserleri ýatlap bolar.
[*] Rubagy – bir bentden ybarat dört setirli goşgy formasy