Feri̇d Jewaherkelam - psihologiýa, edebiýat we Eýran taryhy baradaky eserleri köp terjime eden meşhur terjimeçi barada maglumat

Feri̇d Jewaherkelam - psihologiýa, edebiýat we Eýran taryhy baradaky eserleri köp terjime eden meşhur terjimeçi barada maglumat

Feri̇d Jewaherkelam - psihologiýa, edebiýat we Eýran taryhy baradaky eserleri köp terjime eden meşhur terjimeçi barada maglumat

   Taryh boýunça terjimeçiler medeni alyş-çalyşda möhüm orun eýeläpdirler. Tejribeli we ussat terjimeçiler iň gowy kitaplary saýlap, olary öz medeniýetlerine geçirip, ildeşlerine uly hyzmat edipdirler, ýöne her nähili bolsa-da olaryň köpüsiniň atlary taryhda ýitip gidipdir. Eýranda hem köp şahsyýetler ömrüniň onlarça ýyllaryny dürli eserleri pars diline geçirmeklige bagyşlap, Eýran medeniýeti bilen dünýä medeniýetleriniň arasynda köpri bolupdyrlar. Feri̇d Jewaherkelam hem şeýle görnükli terjimeçileriň biri bolup, şol bir wagtda ýazyjylyk bilen hem meşgullanypdyr. Jewaherkelamyň pars diline terjime eden eserleriniň sanawy gaty uzyn bolup, dürli temalary öz içine alýar. «Arap halklarynyň taryhy», «Ahemenileriň syýasy taryhy», Zigmund Freýdiň eserleri, «Hytaý pelsepesiniň taryhy» ýaly kitaplarynyň terjimesi hem-de “Şyh Feri̇deddin Attar Nişapurynyň “Musybetnama”eseriniň saýlanma düşündirişi” atly kitaby ýazmagy onuň awtorlyk we terjimeçilik döredijiliginiň bir bölegidir.

Feri̇d Jewaherkelamyň durmuşy

   Feri̇d Jewaherkelam 1925-nji ýylda (hijri-şemsi senenamasynda 1304ý) Tähran şäheriniň günortasyndaky Mälikabad etrabynda dünýä inipdir. Onuň kakasy iňlis dili mugallymy bolup, belli ussatlardan sapak alypdyr. Çagalygynda Feri̇d tif keselini başyndan geçiripdir we bir hepde koma ýagdaýynda galypdyr. Jewaherkelamyň aýtmagyna görä, bu kesel sebäpli ene-atasy oňa aşa mähirli çemeleşipdir we bu onuň daralyp ýetişmegine sebäp bolupdyr. Feri­diň çagalyk döwründe döwrebap mekdepler kän ýaýran däldi we olaryň sany hem köp däldi. Ol ilkinji bilimini Emir Mäzi başlangyç mekdebinde alyp başlady. Jewaherkelam birinji synpa başlanda, synplarda 50-den gowrak okuwçy bolýardy, şol sebäpden hem mugallymlaryň her biri okuwça aýratyn wagt bermäge mümkinçilikleri  ýokdy. Şonuň üçin, onuň ejesi hem oňa başlangyç bilim bermäge başlady. Jewaherkelam başlangyç mekdebi tamamlandan soňra, Serçeşme etrabyndaky (Tähran) “Nur we Sedagat” atly orta mekdebe girýär. Onuň aýtmagyna görä, ol bu döwürde gaty garagol bolup, sapaklarda düzgünleri bozmak arkaly mugallymlary köplenç biynjalyk edýän okuwçy eken. Ferid ilkinji iňlis dili sapaklaryny hem şol döwürde kakasyndan alypdyr. Kakasy tarapyndan oňa Herbert Jorj Welzyň «Wagt maşyny» (The Time Machine) atly kitaby sowgat berilmegi, onuň iňlis diline bolan höwesiniň başy bolupdyr...

   Orta mekdebi tamamlandan soň, Jewaherkelam ýokary okuw jaýlaryna giriş synagynda birinji bolup, Tähran uniwersitetine girýär we hijri-şemsi senenamasynyň 1330-njy ýyllaryň başynda (1950-nji ýyllaryň başy) iňlis edebiýaty boýunça bakalawr derejesini alýar. Soňra Fransiýa gidip, «Alliance» uniwersitetinde psihologiýa ugrunda okaýar we fransuz dilini hem kämilleşdirýär. 1953-nji ýylda Mosaddygyň hökümetiniň agdarylmagy bilen daşary ýurtly talyplara döwlet kömeginiň togtadylmagy netijesinde Jewaherkelam işläp ýaşamaly bolýar - ol şol döwürde agaç ussasy we gazet satyjysy bolup işläpdir. Birnäçe wagt geçenden soňra, Jewaherkelam Eýrana dolanyp gelýär we intelligensiýanyň Freýd we freýdizme bolan gyzyklanmalryny görüp, bir uniwersitet professorynyň teklibi bilen Zigmund Freýdiň “Adaty adamlaryň arasyndaky psihoanaliz meselesi” atly kitabyny terjime edýär. Freýdiň dili gaty kyn bolanlygy üçin, ony terjime etmek aňsat düşmese-de, Jewaherkelamyň ussatlygy sebäpli bu terjime uly üns alýar. Jewaherkelamyň bu kitapdaky terjimesi 70 ýylyň dowamynda uly islege eýe boldy, birnäçe gezek täzeden neşir edildi. Ol Ýewropadan dolanyp gelen ilkinji ýyllarynda Hindistanyň Tährandaky ilçihanasynda terjimeçi hökmünde zähmet çekýär we şol bir wagtda žurnalistika bilen hem meşgullanýar. Onlarça ýylyň dowamynda, Jewaherkelam birnäçe eserleriň, aýratyn hem edebiýat, taryh we psihologiýa boýunça birnäçe möhüm eserleriň terjimesine dowam edipdir. Feri̇d Jewaherkelam bir wagtlar iňlis dili mugallymy bolup hem işläpdir we Yslam ynkylabynyň ýeňşinden soň (1979ý) Kolorado uniwersitetinde iňlis edebiýaty boýunça magistr derejesini almak maksady bilen ABŞ gidipdir. Magistr derejesini alanyndan soň, ol Eýrana dolanýar we terjimeçilik işini dowam etdirýär. Jewaherkelam açyşlara we täze tejribelere bolan höwesini terjimeçilige başlamagyna sebäp hökmünde görkezýär.Jewaherkelamyň pikiriçe “Asyl dilde okamak — bu hem bir açyşdyr.”

Ferid Jewaherkelamyň aradan çykmagy

Eýranyň  bu ussady we zähmetsöýer terjimeçisi ömrüniň soňky günlerine çenli terjime işi bilen meşgullanyp, ahyrsoňy 2024-nji ýylyň ilkniji günlerinde (hijri-şemsi senenamasynyň 1402ý.) 98 ýaşynda aradan çykdy.

Ady Feri̇d Jewaherkelam - psihologiýa, edebiýat we Eýran taryhy baradaky eserleri köp terjime eden meşhur terjimeçi barada maglumat
Ýurt Eýran
Önümçilik wagtyHäzirki zaman
Eserler «Arap halklarynyň taryhy», «Ahemenileriň syýasy taryhy», Zigmund Freýdiň eserleri, «Hytaý pelsepesiniň taryhy», “Şyh Feri̇deddin Attar Nişapurynyň “Musybetnama” eseriniň saýlanma düşündirişi” ýaly kitaplarynyň terjimesi.
Yard periodcontemporary
GörnüşiLiterary

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: