Ibn-i Mukaffa — Eýran medeniýetini arap ýurtlaryna tanyş eden şahsyýet
Abu Muhammad Abdullah ibn-i Mukaffa 724 – nji ýylda Fars welaýatynyň Gur (häzirki Firuzabad) şäherinde doguldy. Ol ýazyjy we terjimeçi bolupdyr. Musulman bolmazdan öňki ady Ruzbeh bolupdyr. Musulman bolandan soň adyny Abdullah, lakamyny bolsa Abu Muhammad diýip üýtgedipdir. Onuň maşgalasy Fars welaýatynyň aristokratlaryndan eken. Yrak häkimi Hajjaj bin Ýusup, Abu Muhammadyň kakasyny salgyt işlerine jogapkär edip belläpdir. Adalatsyzlyk sebäpli hökümet gullukçylary kakasyny daraşlap, onuň eliniň şikeslenmegine sebäp bolýarlar. Abu Muhammada «Ibn-i Mukaffa» lakamy kakasynyň şol şikesli eline görä dakylýar.
Eserleri
Ibn-i Mukaffa doglan ýeri bolan Fars welaýatyndan Kermana syýahat edýär. Kermanda Dawud ibn Ýezid ibn Omar ibn Hebiranyň diwanynda sekretar bolup işleýär. Emewi döwletiniň ýykylmagyndan soň kakasy bilen birlikde Kermandan Basra gidýärler. Ibn-i Mukaffa Sasan pehlewi dilini örän gowy bilýärdi we Basradaky mugallymlar arkaly arap dilini hem örän gowy öwrenipdir. Ol takmynan on ýyl Basrada ýaşaýar we onuň eserleriniň aglabasynyň şol döwürde terjime edilendigi aýdylýar. Onuň iň meşhur eseri — “Kälile we Dämäne” pehlewi dilinden arap diline eden terjimesidir. Bu terjime arap klassik prozasynyň iň nusgalyk işlerinden biridir. Eser haýwanlaryň dili arkaly ýazylan bolup, köp sanly rowaýatlary, wakalary we pähimleri özünde jemleýär. Kitap pähimli, dana adamlara aýratyn lezzet berýär. Aslynda eser sanskrit dilinde bolupdyr, soň pehlewi diline terjime edilipdir. Asyl hindi nusgasy ýitipdir, pehlewi nusgasy bolsa siriýani we arap terjimelerine çeşme bolupdyr. Soňundan pehlewi nusgasy hem ýitip, diňe arapça terjimesi asyl terjime bolup galýar. Ibn-i Mukaffa arapça terjime edende esere «Berzuýa tebib» atly bir bölümi hem goşupdyr. Bu bölümde Berzuýanyň öz ruhy syry, kalbynyň arassalygy we hakykaty gözlemäge bolan ýoluny gürrüň berýär.
Bu eseriň dürli terjimeleriniň içinde diňe Ibn-i Mukaffanyň terjimesiniň dogrulygyna we takyklygyna doly ynanylýar.
Eýran medeniýetini tanyşdyrmagy
“Anuşirwanyň täçnamasy”, “Sasani döwrüniň aýynnamasy”, “Mazdak kitaby” we “Kitab at-Täç” ýaly eserler hem onuň pählewi dilinden arapça terjime eden kitaplarydyr. Ol bu terjimeleri bilen eýran medeniýetini arap dünýäsine ýetiripdir. Aýdylyşyna görä, araplaryň ilkinji gezek grek filosoflarynyň eserleri bilen tanyşmagy hem Ibn-i Mukaffa arkaly bolupdyr. Ol Aristoteliň «Kategoriýalar» ýaly kitaplaryny arapça terjime edipdir. Onuň ýazyp giden “Al-Adab al-Kabir”, “Al-Adab as-Sagir” we “Risalat as-Sahaba” ýaly eserleri häzirki wagtda hem arap dilinde nusgalyk prozanyň mysallarydyr. Arap ýurtlarynyň uniwersitetlerinde onuň eserleri nusgalyk ýazuw dili hökmünde okadylýar. Ibn-i Mukaffanyň “Kelile we Dämäne” eseri dünýäniň köp dillerine birnäçe gezek terjime edilipdir.
Ölüm wakasy
Aýdylyşyna görä, Ibn-i Mukaffanyň ölüminiň syýasy sebäpleri bardyr. Umumy pikir, onuň 36 ýaşynda öldürilendigidir. Onuň ölümi barada iki rowaýat bar. Birinjisi Basra häkimi onuň dinsizdigini bilipdir we ony öldürmegi buýrupdyr, emma bu rowaýat dogry däl diýip, hasaplanýar. Ikinji rowaýata görä, Abbasy halyfy Mansuryň gahary, şeýle hem Sufýan ibn Mülewähyň Ibn-i Mukaffa bolan kinesi we onuň Şapur üçin ýazylan «Zinharnama» meselesinde Mansura garşy çykmasy onuň öldürilmegine sebäp bolupdyr.
| Ady | Ibn-i Mukaffa — Eýran medeniýetini arap ýurtlaryna tanyş eden şahsyýet |
| Ýurt | Eýran |
| Lakamy | Ibn-i Mukaffa |
| Önümçilik wagty | Hijri senesi boýunça II asyr |
| Eserler | Kelile we Dämäne, Al-Adab al-Kabir, Al-Adab as-Sagir we Risalat as-Sahaba eserleriniň terjimesi |






Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: