Edebiýatyň meşhur şahsyýetleri / Suhrawardi
Abu al-Futuh Ýahýa Ibn Habaş Amirak, Şahabuddin, hijri ýyl hasaby boýunça altynjy asyryň mistiki filosofy, Yşrakizm (yşyklandyryş) pelsepesini döreden, şonuň netijesinde Şeýh Yşrak ady bilen tanalýar.
Suhrawardi Zenjan welaýatyndaky Suhraward obasynda doguldy. Mälim bolşy ýaly, eýýäm ýetginjeklik döwründe onuň adatdan daşary aňy ony bilim gözlemek üçin syýahat etmäge höweslendirdi. Başda ol Maraga şäherinde Majiduddin Jilininiň okuwçysy boldy. Soňra Isfahana gitdi we bar bolan maglumatlara görä, Zahiruddin Gary (Farsi) bilen ylymlrary öwrenip başlady.
Şondan soň köp syýahat etdi we ýaşlygynda filosof hökmünde tanaldy we ahyrynda Halap (Aleppo) şäherine gitdi. Halapyň hökümdary Soltan Salahuddin Aýubiniň ogly Malik Zahir oňa hormat goýýardy, ýöne şäheriň dini alymlary onuň ynançlary sebäpli ony dinden çykan haspladylar we Malik Zahirden ony öldürmegi talap etdiler. Malik Zahir olaryň haýyşyna çynlakaý garamady. Soňra dindarlar Soltan Salahuddina hat ýazyp, ony ogluna garşy durmaga mejbur etdiler. Diniň esaslaryna yhlas bilen hormat goýan Soltan Salahuddin dindarlaryň hatyndan howpyň abanýandygyny duýdy. “Eger ol diri galsa, dini we bütin dünýäni Soltana garşy goýar”. - diýip olar hatlarynda ýazypdyrlar. Şonuň üçin Soltan Salahuddin ogluna ony öldürmegi buýurdy. Malik Zahir oňa ölüm jezasyny bermäge mejbur boldy we Suhrawardi 38 ýaşynda Halap galasynda öldürildi (onuň öldürilmegi barada başga rowaýatlar hem bar). Şeýh Yşrak öldürilenden soň, Halap şäherinde ol hakda dürli pikirler aýdyldy we oňa ateizmden başlap, takwalyga we keramatlyga çenli hemme zat oňa ýöňkeldi.
Şeýh Ysragyň eserlerine göz aýlamak we öwrenmek bilen, din alymlaryň näme üçin oňa garşy çykandyklary belli bolýar. Ol özünüň käbir eserlerini arap dilinde, käbirini pars dilinde ýazypdyr we ýazan eserlerinde grek filosofiýasyny we yslamdan öňki eýran ideýalaryny garypdyr. Bir tarapdan, şol döwürde filosofiýada we ylahyýetde ulanylmaýan adalgalary döredip başlasa, beýleki tarapdan , mistikleriň we sopylaryň aňlatmagyna ýakyn bir stil we usul bilen şol döwürde täze, çylşyrymly, geň we hatda howply bir dil ulandy.
Ol öz pelsepesini “Yşyklandyrmagyň hikmeti” diýip atlandyrdy we simwoliki dili ulandy we ýagtylyk, garaňkylyk, gün, ýyldyzlar we ş.m. elementleri girizdi. Şeýh Ysragyň ýazan eserleri köp we käbirleri juda kyn. Onuň birnäçe eseri, şol sanda “Yşyklandyryş paýhasy” we “Ýagtylyk ybadathanasy” ýaly eserler öwrenildi.
Onuň eserleriniň doly ýygyndysy Genri Korbiniň we Seýid Huseýn Nasryň tagallalary bilen dört jiltde neşir edilmäge taýýarlandy (Tähran, 1977 ý.).
Ady | Edebiýatyň meşhur şahsyýetleri / Suhrawardi |
Ýurt | Eýran |
Reňk körlügini saýlamak
Gyzyl reňk körlügi (daltonizm) (daltonizm) Ýaşyl reňk körlügi reňk körlügi (daltonizm) Mawy Gyzyly görmek kyn Ýaşyly görmek kyn görmek kyn Mawyny Monohrom (bir reňkli) (bir reňkli) monohrom ÝöriteŞriftiň ululygyny üýtgetmek:
Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:
üýtgetmek Setiriň beýikligini:
Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: