Binagärlik / Ganj Ali Hanyň hammamy

Binagärlik / Ganj Ali Hanyň hammamy

Binagärlik / Ganj Ali Hanyň hammamy

Bu bina Kerman bazaryndaky Ganj Ali-Han toplumynda ýerleşýär we 1005-1034-nji hijri kamary ýyllar aralygynda Ganj Ali Han tarapyndan Kermanyň şol wagtky hökümdary Şah Abbas  Safawidiň adyndan guruldy.  Bu hammamyň uzynlygy 46 metr, ini 30 metr we meýdany 1380 inedördül metr bolupol  aşakdaky böleklerden ybarat:

 girelge, westibul, geýim otagy, ýyladyşhana we şuňa meňzeş ýerler.

Bu binanyň  örän ussatlyk bilen ýerine ýetirlen proporsiýasy we dizaýny bar. Binanyň bezeginde ulanylan  kafel, nagyş, oýma, gips  bezegleriniň dürlüligi oňa aýratyn   özboluşlylyk berýär. Hammamyň girelgesi demirgazyk tarapynda ýerleşip, geýim otagyna ýa-da geýim otagynyň esasy meýdançasyna kiçijik westibul arkaly baryp bolýar. Bu toplumyň geýim otagy, uzynlygy 10 we ini 7,5 metr we meýdany 75 inedördül metr bolan uly sekizburçluk görnüşinde bezelendir.   Onuň gapdallarynda dürli sosial synplaryň bölünişigi  görkezilen eşik çykarmak we geýmek üçin kabinalar bar. Sarbineniň (eşik çalşylýan ýer) poly we polunyň bir bölegi inçe mermer daşlar bilen örtülendir we merkezinde owadan howuzlar bar. Sarbineniň içindäki yşyk, geçmişde aňyrsy görünýän we inçe mermer daşlar bilen örtülen üçekdäki  deşikler arkaly üpjün edilýär. Sarbineden  günorta tarapdaky derwezeden ýyladyşhana baryp bolýar.

  Hammamda esasy ýuwunylýan ýer, begleriň şahsy hammamy, yssy, sowuk we ýyly suw howuzlary, basseýn, patyşanyň oturýan we aýratyn oturulýan ýer ýaly köp we dürli ýerler bar. Ýyladyşhananyň uzynlygy 6,25 metr, ini 6 metr, meýdany 37,5 inedördül metr. Ýyladyşhana, çadyra meňzeş arkasy we sekiz sany owadan daş sütüni bolan sowuk suw howuzundan ybarat. Ýyladyşhananyň  esasy we uly meýdany sekizburç şekilli bolup, gümmezi we arkasynyň örtügi bu sekiz sütüniň  üstünde merkezde ýerleşen. Hammamyň  içinde ýagtylygy hammama ugrukdyrýan  10 sm galyňlykdaky  dury daş bölegi ýerleşdirilen we şeýlelik bilen hammamyň içindäki wagt ýagdaýyny anyklap bolýar.

 

Ady Binagärlik / Ganj Ali Hanyň hammamy
Ýurt Eýran

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: