Binagärlik / Badgir

Binagärlik / Badgir

Binagärlik / Badgir

 

Badgir - şemalyň içeri girmegi üçin binanyň üçeginde gurlan geçelge.

Badgir uzak geçmişden bäri binanyň içindäki howasyny täzelemek üçin ulanylýar we onuň taryhy gadymy müsürlilere we wawilonlylara degişlidir. Diňe Eýranda görüp boljak Badgiiiň taryhy ulanylyşyna görä, bu desganyň oýlap tapyşyny eýranlylara degişli edip bolar. Araplar hem  Badgir bilen tanyş. Yslam döwründe Şamda we Müsürde “Badgir” -iň ýaýramagynyň Yragyň üsti bilen bolandygy  barada çaklamalar bar. Eýranda, bir ýa-da birnäçe tarapdan amatly ýel ugurlary bolan Garmsiriň köp şäherlerinde we obalarynda “Badgir” desgasy gurulýar.

 Badgiriň bölekleri: Badgiriň üç bölegi bar: A- uly  göwrümli  ýokary bakyp duran daşarky gapysy. B- üçekden içeri çekilen sütün ýa-da ýel geçelgesi. Ç- Üçegiň ýa-da diwaryň bir burçundan girýän içki gapysy. Käwagt onuň aşagynda “şemally otag” ýa-da “şemally jaý” diýilýän otag bar.

Görnüşleri: Badgirleri sütüniň görnüşine baglylykda aşakdaky ýaly toparlara bölüp bolar:

1- Inedördül (kub) sütün,  2- Silindr görnüşli sütün, 3- Sekizburçly sütün,  4- Gönüburçly sütün

Umuman aýdanyňda, birnäçe tarapdan amatly şemalyň öwüsýän ýerlerinde kub ýa-da silindr görnüşli sütünler ýa-da sekizburçly prizmalar ulanylýar we diňe bir tarapdan amatly şemalyň öwüsýän ýerlerinde ýeliň garşysynda diňe bir açyk gapysy bolan  gönüburçly prizma sütünleri ulanylýar.

Mysallar: Ýazd we onuň töweregindäki tropiki ýerlerde, Ardakan, Nain, Isfahan we beýleki ýerlerde, şeýle hem Oman deňziniň we Pars aýlagynyň günortasyndaky şäherlerde her dürli  badgir desgalaryny görüp bilersiňiz. Iň beýik badgir  desgasy  Ýazddaky DowletAbad Bagynyň desgasydyr ol şeýle hem ony iň owadan badgir diýyp aýdyp bolar. Ýazddaky käbir suw howdanlarynda dört ýa-da bäş sany Badgir bar, alty sany Badgir desgasy bolan howdany hem guruldy. Ardakanyň  Badgirleriniň köpüsi bir gapyly bolup we binalaryň ýokarsynda kiçiräk görnüşinde ýasalýar.

Badgirleri jaýlarda we tomusky ýaşaýyş ýerlerinde görüp bolýar. Metjitler, mekdepler, suw howdanlary we kerwensaraýlar ýaly käbir jemgyýetçilik binalarynda hem duş gelýär.

 

 

 

Ady Binagärlik / Badgir
Ýurt Eýran

Yslam Medeniýet we Aragatnaşyk Guramasy, Medeniýet we Yslam Gollanma ministrligine degişli Eýran guramalarynyň biridir; we 1995-nji ýylda döredildi.[Has köp]

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: