Pärwin Etesamini, Nyzamy Genjewini we Hoja Nasreddin Tusyny ýatlamak mynasybetli edebiýat we şygyr agşamy geçirildi
1404 – nji ýylyň 25 – nji esfändinde (2026 – njy ýylyň 16 – njy martynda) Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Pärwin Etesamini, Nyzamy Genjewini we Hoja Nasreddin Tusyny ýatlamak mynasybetli edebiýat we şygyr agşamy geçirildi. Çakylyklar esasynda we mugallymlar bilen bilelikde bu agşamda Pärwin Etesaminiň, Nyzamy Genjewiniň we Hoja Nasreddin Tusynyň goşgularyny okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi öz çykyşynda pars dili we edebiýatynda pars şahyrlaryň, goşgydyr gazallaryň örän ähmiýetlidigini belläp şeýle diýdi: "Bu şygyr agşamyny, goşgy bäsleşigini geçirmek, ökde okuwçylara ýadygärlik sowgatlary gowşurmakdan biziň maksadymyz pars dili öwrenijileriniň pars şahyrlary bilen tanyşmagy hem – de olarda pars goşgylaryna bolan gyzyklanma döretmekdir".
Pärwin Etesamini, Nyzamy Genjewini we Hoja Nasreddin Tusyny ýatlamak mynasybetli edebiýat we şygyr agşamy geçirildi
1404 – nji ýylyň 25 – nji esfändinde (2026 – njy ýylyň 16 – njy martynda) Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezinde Pärwin Etesamini, Nyzamy Genjewini we Hoja Nasreddin Tusyny ýatlamak mynasybetli edebiýat we şygyr agşamy geçirildi.
Çakylyklar esasynda we mugallymlar bilen bilelikde bu agşamda Pärwin Etesaminiň, Nyzamy Genjewiniň we Hoja Nasreddin Tusynyň goşgularyny okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi öz çykyşynda pars dili we edebiýatynda pars şahyrlaryň, goşgydyr gazallaryň örän ähmiýetlidigini belläp şeýle diýdi: "Bu şygyr agşamyny, goşgy bäsleşigini geçirmek, ökde okuwçylara ýadygärlik sowgatlary gowşurmakdan biziň maksadymyz pars dili öwrenijileriniň pars şahyrlary bilen tanyşmagy hem – de olarda pars goşgylaryna bolan gyzyklanma döretmekdir".
Bäsleşigiň birinji tapgyrynda 18 sany pars dili öwreniji öz mugallymlarynyň adyndan çykyş edip, Pärwin Etesaminiň, Nyzamy Genjewiniň we Hoja Nasreddin Tusynyň goşgylaryny okadylar.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Abdolreza Abbasi, Medeniýet merkeziniň okuw bölüminiň müdiri Sabina Azizowa, şeýle hem Medeniýet merkeziniň mugallymlary Pärästu Ryzaýewa, Aýsoltan Agaýewa, Şährbanu Guseýnowa, Öwezbegi Pygambergulyýewa, Negin Rejepowa we Selbi Hommadowadan ybarat bolan emin agzalar topary her bir pars dili öwrenijiniň dogry we labyzly okamagyna baha berdiler.
8 sany ökde pars dili öwrenijisi ikinji tapgyra geçmegi başardylar. Netijede, üçünji tapgyry 3 sany pars dili öwrenijisi dowam edip, olardan Jahan Kulbaýewa birinji orny, Hatyja Geldimämmedowa ikinji orny we Emine Rejepowa üçünji orny eýeledi.
Şeýle-de, mugallymlaryň arasynda hem goşgy bäsleşigi geçirilip, Negin Rejepowa birinji orna mynasyp boldy. Bäsleşigiň ahyrynda bolsa ýeňijilere ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Filmler.