• Sep 25 2023 - 10:25
  • 107
  • Okamak üçin wagt : 1 minute(s)

Pars dili öwrenijileri üçin ylmy - okuw gezelenji geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan Pars dili öwrenijileri üçin Aşgabadyň golaýynda “Çüli” dynç alyş ýerinde okuw gezelenji geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezi tarapyndan Pars dili öwrenijileri üçin Aşgabadyň golaýynda “Çüli” dynç alyş ýerinde okuw gezelenji geçirildi.

    Ylmy - okuw işi we medeni mowzuklaryň we tejribeleriň alyş-çalyşygy hökmünde geçirilýän we şol bir wagtda pars dili öwreijileriň boş wagtlaryny peýdaly geçirmäge sebäp bolýan bu gezelenç olaryň ösüşinde we okuwynda peýdaly bolup biler.

    Şol sebäpli, şenbe güni 18-nji şähriwär (9-njy sentýabr) güni Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet merkezinde pars dili we edebiýatyny öwrenýän dürli ýaşly we Türkmenistanyň dürli ýerlerinden saýlanan 50 sany pars dili öwrenijiniň gatnaşmagynda ylmy – okuw gezelenji geçirildi. Nawid Rasuli ýurdumyzyň Aşgabatdaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi şeýle gezelençleriň guralmagynyň esasy maksadynyň pars dili öwrenijileriň pars dilini öwrenmekde tebigatdan we onuň gözel ýerlerinden peýdalanmak we tanyşmakdan ybarat bolmen eýsem iki ýurduň Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky umumy medeni mowzuklar boýunça ýaryş görnüşinde başdan geçirmeleri aýdyp bermek  we başga görnüş oýunlarda tejribe alyşmagynda peýdaly diýip belledi.

    Şuny belläp geçmek zerurdyr, höweslendirmek, pars dili öwrenijilerinde oýlap tapmalary - açylyşlary durmuşa geçirmekde örän möhüm faktor bolup durýar we olara dürli meselelerde baş alyp çykmaga ýardam edýär, Pars dili öwrenijilerine pars dilini öwrenmäge has köp itergi berýär.

 

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: