• Aug 10 2024 - 14:23
  • 159
  • Okamak üçin wagt : 2 minute(s)

Nawid Rasuli Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasyna baryp gördi

Eýranyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň müdiri Laçyn Nurmuhammedowa Şamyradowna bilen duşuşdy we kitahana aýlanyp, bölümler bilen tanyşdy.

Eýranyň Türkmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň müdiri Laçyn Nurmuhammedowa Şamyradowna bilen duşuşdy we kitahana aýlanyp, bölümler bilen tanyşdy.

          Rasuli iki ýurduň taryhy, medeni we dini umumylyklaryna salgylanyp: “2024-nji ýyl türkmen halkynyň milli lideri Gurbanguly Berdimuhammedow tarapyndan Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanýar we Magtymgulynyň iki döwletiň umumy şahyrydygyny göz öňüne tutup, Eýranyň Medeniýet merkezi bu ugurda 2 jiltlik kitaby taýýarlap, çap etdi we olaryň ikisi hem deňsiz taýsyz kitaplardyr” diýip, belläp geçdi.

Ol Eýranyň we Türkmenistanyň arasyndaky medeniýet, sungat, ylym- bilim hyzmatdaşlygy we alyş – çalyşy baradaky 2022 -2025 ýyllar üçin ähtnama salgylanyp, kitap we kitaphanaçylyk pudagynda hünärmenler we diňleýjiler bilen alyş-çalyş, tejribe we maglumat alyşmak, mikrofilm taýýarlamak we kitaplar we kitaphanalar bilen baglanyşykly maslahatlara we sergilere gatnaşmaklyga öz taýýarlyklaryny yglan etdi. 

Ýurdumyzyň Türmenistandaky medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi özara baryp görmek we bilelikdäki gözlegler, bilim we neşir taslamalary, çap we neşir önümlerini alyş-çalyş etmek, türkmen halkynyň milli lideriniň we  Halk maslahatynyň başlygynyň "Enä – tagzym, mukaddeslige tagzym" we "Türmenistanyň derman ösümlikleri" atly iki kitabyň pars diline terjimesi we golýazmalary alyşmak we abatlamak boýunça hyzmatdaşlygy barada hem belläp geçdi.

Soňra jenap Rasuli Türkmenistanyň Döwlet kitaphanasynyň müdiri Laçyn Nurmuhammedowany Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň müdiri bilen bilelikde Eýranyň milli kitaphanasyna aýlanmaga we kitaphana hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlyk resminamasyna gol çekmeklik üçin duşuşyk geçirmeklige çagyrdy.

Laçyn Nurmuhammedowa Şamyradowna Eýranyň we Türkmenistanyň medeni we taryhy umumylyklaryna salgylanyp, şeýle diýdi: Eýran Yslam Respublikasy bilen ýakyn kitaphana hyzmatdaşlygy bizi örän gyzyklandyrýar. Tähranda we Aşgabatda iki ýurduň medeniýet günlerinde göçme kitap sergisiniň geçirilmegini hem teklip etdi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: