• Mar 10 2026 - 12:20
  • 10
  • Okamak üçin wagt : 1 minute(s)

Medeniýet we Yslam Aragatnaşyklar Guramasynyň Yslam ynkylabynyň üçünji ýolbaşçysyny ähli taraplaýyn goldamak we ykrar etmek baradaky beýannamasy

Beýik Biribaryň peşgeşi we Hezreti Weliýul-Asryň aýratyn merhemeti ýene-de bir gezek Eýran Yslam ýurdunyň merdana halkyna nesip edendigi üçin Hudaýa şükür edýäris. Ýolbaşçylary saýlaýjy Mejlisiň karary bilen adalatly, batyrgaý, başarjaň hem-de paýhasly din wekilleriniň biri Yslam ynkylabynyň üçünji ýolbaşçysy hökmünde saýlanyldy.    Medeniýet we Yslam Aragatnaşyklar Guramasy Yslam ynkylabynyň Beýik Lideri Ymam Hameneýiniň zalym duşmanlaryň elinden pajygaly ýagdaýda şehit edilmegi mynasybetli çuňňur gynanç bildirýär, şeýle-de Gurama Ynkylabyň hormatly we beýik ýolbaşçysy Aýatolla Mojtaba Hameneýä öz wepalylygyny bildirýär.

 

 

Medeniýet we Yslam Aragatnaşyklar Guramasynyň Yslam ynkylabynyň üçünji ýolbaşçysyny ähli taraplaýyn goldamak we ykrar etmek baradaky beýannamasy

Beýik Allanyň ady bilen!

   Beýik Biribaryň peşgeşi we Hezreti Weliýul-Asryň aýratyn merhemeti ýene-de bir gezek Eýran Yslam ýurdunyň merdana halkyna nesip edendigi üçin Hudaýa şükür edýäris. Ýolbaşçylary saýlaýjy Mejlisiň karary bilen adalatly, batyrgaý, başarjaň hem-de paýhasly din wekilleriniň biri Yslam ynkylabynyň üçünji ýolbaşçysy hökmünde saýlanyldy.

   Medeniýet we Yslam Aragatnaşyklar Guramasy Yslam ynkylabynyň Beýik Lideri Ymam Hameneýiniň zalym duşmanlaryň elinden pajygaly ýagdaýda şehit edilmegi mynasybetli çuňňur gynanç bildirýär, şeýle-de Gurama Ynkylabyň hormatly we beýik ýolbaşçysy Aýatolla Mojtaba Hameneýä öz wepalylygyny bildirýär.

   Bu gurama Yslam ynkylabynyň iki beýik ýolbaşçysynyň ýolundan nusga alyp    hem-de täze ýolbaşçynyň görkezmelerine eýerip, Ynkylabyň nurly ýoluny ähli güýji we mümkinçilikleri bilen dowam etdirjekdigini beýan edýär.

   Şübhesiz, Ymam Hameneýiniň ýoluny dowam etdirýänler hem-de dünýäniň ähli azat we erkin adamlary bu saýlawy ýokary derejede goldap, Yslam ynkylaby we onuň ýolbaşçylygy bilen baglaşylan ylalaşyklara öňküsinden hem has wepaly bolarlar.

 

Medeniýet we Yslam Aragatnaşyklar Guramasy

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.