Medeniýet boýunça geňeşçiniň “JAN Technology” H.J. barmagy
Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuli “JAN Technology” hojalyk jemgyýetiniň şeýlede Belet film platformanyň baş müdiri, esaslandyryjysy Azat Jafarow we baş müdiriň orunbasary we esaslandyryjysy Saparmyrat Nyýazow bilen ady agzalan kärhananyň edara binasynda duşuşdy.
Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuli “JAN Technology” hojalyk jemgyýetiniň şeýlede Belet film platformanyň baş müdiri, esaslandyryjysy Azat Jafarow we baş müdiriň orunbasary we esaslandyryjysy Saparmyrat Nyýazow bilen ady agzalan kärhananyň edara binasynda duşuşdy. Bu duşuşyk 23-nji awgustda bolup geçdi. Rasuli iki ýurduň taryhy, medeni we dini umumylyklaryna ünsi çekdi we filmiň, dokumental filmleriň, seriýallaryň we animasiýalaryň önümçiliginde Eýranyň öňdebaryjylygyny göz öňünde tutup, film bermäge we ýokarda agzalan ulgam bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny mälim etdi. Şeýle hem Jafarow, Eýran filmleriniň islendik görnüşde (kinematiki, gysga, dokumental we seriýal) kabul etmeklige we ony maşgalalar üçin niýetlenen platformada görkezmäge taýýarlyklary mälim etdi. Belläp geçsek, "JAN Technology"hojalyk jemgyýeti, "Belet Film" onlaýn platformanyň degişli bolup durýan kärhanasydyr.
Filmler.