Eýranyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyşy
Eýranyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň aýdym-saz we halk döredijiliginiň bilelikdäki konserti Aşgabadyň Watan konsert merkezinde geçirildi.
Eýranyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň aýdym-saz we halk döredijiliginiň bilelikdäki konserti Aşgabadyň Watan konsert merkezinde geçirildi.
2024-nji ýylyň 22-24-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynda syýahatçylyk festiwalynyň geçirilýän günlerinde, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk müdirliginiň başlygy Akynyýaz Agamyradowyň, Eýran Yslam Respublikasynyň ilçisi Ali Mojtaba Ruzbahaniniň, Medeniýet meseleleri boýunça geňeşçi Nawid Rasuliniň gatnaşmagynda Eýranyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň aýdym-saz we halk döredijiliginiň bilelikdäki konserti Aşgabadyň Watan konsert merkezinde geçirildi.
Ýurdumyzyň Razawi Horasan welaýatyndan “Sämaa” halk döredijilik topary özleriniň saýlanan aýdymlary bilen ýurdumyzyň tire- taýpalarynyň halk doredijilik tanslaryny ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň sungat ussatlary we tans toparlary hem milli çykyşlary ýerine ýetirip, tomaşaçylara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşladylar. Çäräniň soňunda “Eý Eýran” aýdymy ýokary derejede ýerine ýetirildi.
Belläp geçsek, Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň we halk döredijilik toparlarynyň çykyşlary Türkmenistanyň teleýaýlymlaryna göni ýaýlymda görkezildi.
Filmler.