Eýranyň we Türkmenistanyň bilelikdäki syýahatçylyk festiwaly
Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň bilelikdäki syýahatçylyk festiwaly iki ýurduň syýahatçylyk kärhanalarynyň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda öz işine başlady.
Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň bilelikdäki syýahatçylyk festiwaly iki ýurduň syýahatçylyk kärhanalarynyň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda öz işine başlady.
31-nji oktýabrda (9 aban) Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda “Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň bilelikdäki syýahatçylyk festiwaly” Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary Gülşat Ýazlyýewna Bakyýewanyň, daşary ýurt ilçihanalarynyň wekilleriniň, 2 ýurduň Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň 22 sany syýahatçylyk kärhanasynyň wekilleriniň we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda medeni- sungat çykyşlary bilen öz işine başlady.
Açylyş dabarasynyň başynda Gülşat Ýazlyýewna Bakyýewa ähli myhmanlara hoş geldiňiz diýip we “Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň bilelikdäki ilkinji syýahatçylyk festiwalynyň” geçirilmegi bilen gutlap şeýle diýdi: Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty bilen, ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamy çalt depginler bilen öňe barýar. Çünki syýahatçylyk pudagy islendik döwletiň ykdysady ösüşiniň esasy görkezijileriniň bir bolşy ýaly biziň ýurdumyzda hem syýahatçylygy ösdürmek boýunça tapgyrlaýyn işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda gadymy taryhy ýadygärliklerimiz bolan “Nusaý”, “Dehistan”, “Köneürgenç”, «Daýahatyn» Gadymy Merw, taryhy-medeni döwlet goraghanalary görmäge we ýurdymyzyň häzirki gözel keşbini synlamaga isleg bildirýän jahankeşdeleriň sany gün-günden artýar.
Ol Türkmenistan Beýik ýolunyň ugrunda ýerleşýän döwlet diýip sözüni dowam etdi: Gadymy döwürlerden bäri Türkmenistan Gündogar bilen Günbatary birikdiren Beýik ýüpek ýolunyň merkezi bolupdyr. Häzirki döwürde Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda täze ykdysady gatnaşyklar emele geldi. Onuň esasy ugurlary söwda, ulag we logistika, syýahatçylyk, medeni gatnaşyklar bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk müdirliginiň başlygynyň orunbasary syýahatçylyk festiwalyň halkara derejede geçirilýänligini we onuň gatnaşyjylar üçin daşary ýurtlar bilen tejribe alyşmakda uly mümkinçilikleri döredýänligini bellžp, sözüni tamamlady.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary Mahmud Sadegi döwletleriň we milletleriň syýahatçylyga berýän ünsi barada şeýle diýdi: Häzirki wagtda syyahatçylyk pudagy bütin dünýäde möhüm pudaklaryň biri hasaplanýar we döwletler milletler hem bu pudaga örän uly ähmiýet berýärler.Syýahatçylyk pudagy ösüş guraly hökmünde döwletler bilen halklaryň, esasanam Eýran we Türkmenistan ýaly medeni umumylygy bolan ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlykda we aragatnaşykda aýratyn orun eýeleýär. Eýran Yslam Respublikasynyň owadan taryhy we tebigy ýerleri bar, olaryň köpüsi Yunesko gurmasynyn sanawynda hasaba alyndy. Tähran, Maşat, Isfahan, Şiraz, Töwriz ýaly uly şäherler, şeýle hem Hazar deňziniň we Pars aýlagynyň kenaryndaky şäherler we Eýranyň demirgazygynda Alborz we günbataryndaky Zagros dag gerşiniň eňňitleri daşary ýurtly syýahatçylar üçin dürli taryhy, dini, tebigy we ýatdan çykmajak pursatlary döretdi.
Ol sözüni dowam etdi: Covid 19 çäklendirmeleri aýrylyp, Türkmenistanyň serhetleri açylandan soň iki ýurduň syýahatçylarynyň sany has-da artdy. Türkmen syýahatçylary esasan dynç alyş, söwda, zyýarat ýerlerine baryp görmek we köplenç saglygy berkitmek maksady bilen Eýrana gidýärler. Şeýle-de, eýranly syýahatçylaryň köpüsi Türkmenistana, Aşgabat şäherine we Türkmenistanyň beýleki ajaýyp syýahatçylyk ýerlerine baryp görmäge uly isleg bildirýärler. Soňky aýlarda Türkmenistana birnäçe eýranly syýahatçy geldi. Türkmenistan hökümetiniň goldawy we eýranly syýahatçylara wiza bermekde has köp mümkinçilik döretmek, esasanam maşgala syýahaty görnüşinde has köp eýranly syýahatçynyň Türkmenistana gelmegini umyt edýärin.
Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň orunbasary sözüniň soňunda Türkmenistan goldawy bilen esasanam maşgala syýahaty görnüşinde has köp eýranly syýahatçynyň Türkmenistana gelmegini umyt edip, şeýle diýdi: 2024 –nji ýylda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň Türkmenistanda bellenilýänligini göz öňüne tutup, iki ýurduň syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylaryna Eýranyň Gülüstan welaýatynda ýerleşýän bu akyldaryň aramgähine zyýarat syýahatlary gurnamaklygy teklip edýärin.
Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň adyndan 2 kärhananyň wekili çykyş etdi.
Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň “Sämažin”, “Hätän”, “Daglar” tans we saz toparlarynyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary ýerine ýetirildi hem-de çärä gatnaşyjylar 2 ýurduň sybahatçylyk kärhanalarynyň sergisine aýlanyp dürli mümkinçilikler bilen ýakyndan tanyşdylar. Mundan başga-da eýran we türkmen halklarynyň aşhanasyna degişli bolan tagamlar we süýjilikler çärä gatnaşanlaryň ählisine hödür – kerem edildi.
Şuny belläp geçmek zerurdyr, Eýranyň we Türkmenistanyň bilelikdäki syýahatçylyk festiwaly 3 gün 2-nji noýabra (11 aban) çenli dowam edýär. Şeýle hem 1-2 – nji noýabrda (10-11 aban) “Watan” kinokonsert merkezinde ýurdumyzyň we Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti bolar.
Filmler.