• Nov 28 2023 - 15:10
  • 87
  • Okamak üçin wagt : 3 minute(s)

Eýranda Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy

Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy.

Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri badalga aldy. 

Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy üçin guralan çäreler Eýranyň teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda alnyp berildi. Türkmenistanyň Medeniýet günleri mynasybetli geçiriljek çärelere medeniýet ministri A.Şamyradowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşýar.

Şeýle hem bu dabaralara Eýranyň Medeniýet ministri bilen bir hatarda Yspyhan welaýatynyň häkimi we beýleki resmi adamlar gatnaşýdylar.

Dabara iki ýurduň milli senalarynyň ýaňlanmagy bilen başlady. Soňra iki ýurduň medeniýet ministrleri çykyş etdi. 

Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet we Yslamy ugrukdyryş ministri Yspyhanda geçirilen Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň açylyşynda şeýle diýdi: Dost ýurdumyz bolan eziz Türkmenistanyň wekiliýetiň ýolbaşçylary we sungat ussatlary hoş geldiňiz. Geljek günlerde Türkmenistanly hünärmenler Yspyhanda öz hünärlerini  sergilemek bilen iki ýurduň dostlugyny has-da berkiderler. Eýran we Türkmenistan iki goňşy we garyndaş ýurt, sebitde  müňýyllyklaryň dowamyndan bäri taryhy we medeni umumylyklary bolan ýurtlardyr.  Türkmenistan goňşy we dost ýurt hökmünde hemme taraplaýyn huzmatdaşlyklarda aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmesi üçin Yspyhan şäheriniň saýlanylmagy Türkmenistan bilen medeniýetiň ähli ugurlarynda aragatnaşygy has-da çuňlaşdyryljagyndan nyşandyr.  Möwläwi, Hafyz we hususan-da Magtymguly Pyragy iki ýurduň tanymal şahsyýetleri bolup, medeni bitewiligimizi aňlatýarlar. Geljek ýyllarda hem şular ýaly medeni çäreler ýygy – ýygydan geçiriler diýiň umyt etýärin.

Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow dabaraly çärede şeýle diýdi: Iki ýurduň hormatly prezidentleriniň ýolbaşçylygyna Eýran bilen Türkmenistanyň dostlugy Medeniýet günleriniň geçirilmegi bilen has-da berkeýär. Medeni günleri we dabaraly çäreler gatnaşyklary gatnaşyklary has-da berkitmek üçin möhüm bir ädim bolar. Geçmişde Eýranda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirildi we bu gezek bu çäre köp sanly taryhy ýadygärlikleri bolan ajaýyp Yspyhan şäherinde geçirilýär. Iki ýurduň sungat ussatlary birnäçe medeni çärelere gatnaşarlar we Medeniýet günleriniň çäginde amaly – haşam sungatynyň eserleriniň sergisi,  sungat ussatlarynyň aýdym – saz konserti, döredijilik duşuşuklary geçiriler.

Dabarada Tükrmenistan barada wideofilm görkezildi we sungat ussatlarynyň konserti boldy.

Çäreleriň maksatnamasyna laýyklykda, türkmen filmleriniň görkezilişi, türkmen sungat ussatlarynyň çykyşlary, şeýle hem türkmen medeniýetine bagyşlanan sergi guraldy.

Şeýle hem bu döredijilik çäräsiniň çäklerinde konsert maksatnamasynda Hajy Ýazmämmedow, Begmyrat Annamyradow, Aly Alyýew dagylar çykyş etdiler. Şeýle hem sazandalardan Atajan Eýýubow we beýleki tanymal sungat we döredijilik ussatlarynyň çykyşlary ýerine ýetirildi.

Medeniýet günleriniň çäklerinde Yspyhan ýokary okuw jaýynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna we döredijiligine bagyşlanyp iki ýurduň şahyrlarynyň, alymlarynyň  we edebiýatyçylarynyň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: