• Dec 29 2021 - 08:33
  • 254
  • Okamak üçin wagt : 4 minute(s)

Aşgabatda “Şab-e çelle” güni mynasybetli ýörite dabara geçirildi

“Şab-e çelle” - gadymy eýran baýramçylygy, eýranlylaryň arasynda iň owadan gije diýip hasaplanýan, ýylyň iň uzyn gijesinde, ýagny gyş paslynyň öňüsyrasynda bellenilip geçilýär.

“Şab-e çelle” -  gadymy eýran baýramçylygy,  eýranlylaryň arasynda iň owadan gije diýip hasaplanýan, ýylyň iň uzyn gijesinde, ýagny gyş paslynyň öňüsyrasynda bellenilip geçilýär.

 

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky medeniýet merkezinde  “Şab-e çelle” güni mynasybetli  ýörite dabara geçirildi. Bu dabarada medeniýet merkezinde   pars dilini öwrenýän  okuwçylar we Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky mekdebiniň okuwçylary Hafiziň goşgularyny okadylar.  “Şab-e çelle” gijesi mynasybetli  saçak bezeldi.

Dabara Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi  jenap Golamabbas Arbab Hales, Ilçihananyň  medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisi  jenap Nawid Rasuli, ÝUNISEF-iň  Türkmenistandaky  wekilhanasynyň başlygy jenap Mohammad Faýazi, ilçihananyň işgärleri we Türkmenistanyň dürli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, eýran we türkmen medeniýetini  söýüjileri gatnaşdylar.  Bu dabara  Medeniýet merkeziniň  Mejlis zalynda  arassaçylyk we gigiýena  düzgünlerini  we şertlerini  berjaý etmek bilen geçirildi. Dabaranyň başynda Gurhany kerimden aýatlar okaldy. Şondan soň jenap Arbab Hales ýygnananlaryň hemmesini “Şab-e çelle” güni mynasybetli gutlamak bilen,  eýranlylar   we Orta Aziýa ýurtlary tarapyndan  bu gün mynasybetli dabaraly çäreleriň geçirilýändigini belläp geçdi.

Çykyşyny dowam etdirip, ol şeýle diýdi: “Şab-e çelle” baýramçylygyň  däplerinde maşgala gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýär we bu däp-dessurlar ulularyň aýratyn  ornyny,  olara bolan  hormaty we gadyr-gymmaty görkezýär".  Jenap Arbab Hales öz çykyşyny  “Şab-e çelle”  güni bilen baglanyşykly käbir milli eýran  däp-dessurlaryny  ýatlamak  bilen tamamlady.

Ilçihananyň  medeniýet meseleleri  boýunça  geňeşçisi  jenap  Nawid Rasuli, ýylyň iň uzyn gijesi bilen  gutlap, gysga çykyşynda şeýle diýdi: “ Şab-e çelle baýramynyň  7 müň ýyldan gowrak taryhy bar  we taryhyň dowamynda dürli medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň döwürlerinde adamlar bu  baýramy dabaraly ýagdaýda bellediler. Däp-dessurlaryň köpüsi şu güne çenli saklanyp galdy”.

Soňra jenap Rasuli sözüniň üstüni ýetirdi: “Gadymy eýranlylar ýylyň iň uzyn gijesinden soň, ertesi gün, gün  şöhlesiniň çykmagy bilen günleriň has uzaljakdygyna we ylahy nuryň şöhlesiniň güýçlenjekdigine ynanýardylar we şonuň üçin bu güni belleýärdiler”.

Mundan başga-da, jenap Rasuli  öz çykyşynda  şeýle belläp geçdi: “Şab-e çelle”  baýramy adamzat jemgyýetiniň iň möhüm birligini, ýagny maşgalany berkitýär”.

Çykyşynyň ahyrynda, Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet meseleleri boýunça  geňeşçisi bu baýramçylygy söýginiň we dostlugyň nyşany diýip atlandyrdy we nygtady: “Eýranlylar dünýäniň haýsy künjeklerinde bolsalar-da,   söýgi we dostluk tohumlaryny ekýärler we dünýäni gowulandyrmaga  synanyşýarlar ”.

ÝUNISEF-iň  Türkmenistandaky  wekilhanasynyň başlygy Mohammad Faýazi hem öz gysga çykyşynda dabara gatnaşyjylary  “Şab-e çelle”  güni  bilen gutlady we beýleki ýurtlarda  bu baýramçylygyň we  Hafiziň goşgularyny okamak  dabaralaryň  geçiririlmegi baradaky  daşary ýurtly kärdeşleriniň  ýatlamalaryny  agzap geçdi  we  pars dilini öwrenýän türkmen  okuwçylar tarapyndan  Hafiziň goşgularynyň  okalmagyny deňeşdirip, olaryň goşgy okamaklaryna  ýokary baha berdi. Munuň bilen bilelikde,  jenap Faýazi  medeni geňeşçä  edýän işleri üçin minnetdarlyk bildirdi.

Dabaraň dowamynda “Şab-e çelle”  güniň  däp-dessurlary  barada wideo klip görkezildi,  medeniýet merkezinde   pars dilini öwrenýän  okuwçylar we Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň ýanyndaky mekdebiniň okuwçylary Hafiziň goşgularyny okadylar, bulardan başga-da  dabarada oýun görkezildi, pars dili kurslaryny  üstünlikli tamamlan okuwçylara şahadatnamalar, baýraklar  we sowgatlar gowşuryldy, şeýle hem  süýji  tagamlar  hödürlendi.

 

مدیر سایت

مدیر سایت

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: