• Dec 25 2021 - 10:08
  • 268
  • Okamak üçin wagt : Less than one minute

Aşgabatda pars dilini öwrenýän okuwçylar üçin güýz möwsüminiň jemleýji synaglary geçirildi

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky medeniýet merkezinde pars dilini öwrenýän okuwçylar üçin güýz möwsüminiň jemleýji synaglary geçirildi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky medeniýet merkezinde  pars dilini öwrenýän okuwçylar üçin güýz möwsüminiň jemleýji synaglary geçirildi.

Pars dilini öwrenmek boýunça kurslaryň güýz möwsümi okuwçylaryň arasynda  jemleýji  synaglaryň  2021-nji ýylyň 20 sine, duşenbe güni,  geçirilmegi bilen tamamlandy. Bu synaglar ýazmaça we dilden bolup,  aşakdaky bäş dereje boýunça geçirildi:  başlangyç, orta, ösen, ýokary derejeli  we terjimeçi derejesi. Okuwçylar berlen soraglara jogap bermek bilen öz bilimlerini görkezdiler. Synaglaryň esasy maksady, synaglary üstünlikli  tabşyran  talyplary has ýokary derejä geçirmekdedir.

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet merkeziniň   esasy we düýpli  işleriniň biri -  pars dilini öwretmekdir,  we bu işiň iki goňşy ýurduň arasyndaky hoşniýetli medeni gatnaşyklaryň çäginde amala aşyrylýandygyny bellemek gerek.

مدیر سایت

مدیر سایت

Suratlar

Filmler.

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: