Aşgabatda pars dilini öwrenmek boýunça kurslaryň ýaz möwsümi başlandy
Aşgabatda pars dilini öwrenmek boýunça kurslaryň ýaz möwsümi başlandy
2022-nji ýylyň 24-nji martynda, penşenbe güni, Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky medeniýet merkezinde pars dilini öwrenmek boýunça okuw kurslarynyň ýaz möwsümi arassaçylyk we gigiýena düzgünlerini we şertlerini doly berjaý etmek bilen başlandy.
Türkmenistanda şirin labyzly pars dilini öwrenmek islegi aýratyn üns berilmegine mynasypdyr, sebäbi pars dili - şygryýetiň we edebiýatyň dili bolup, Rudaki, Hafez, Sagdy, Ferdöwsi, Haýýam we beýleki beýik şahyrlaryň dilidir. Munuň bilen bilelikde pars dili Eýranyň we Türkmenistanyň umumy medeni mirasynyň bir bölegi bolup durýar. Beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynda köp pars sözleri we düşünjeleri bar, olaryň manylaryna we aňlatmalaryna düşünmek üçin pars dili bilen doly tanyş bolmalydyr.
Medeniýet merkeziniň mugallymlary tarapyndan öwredilýän okuw sapaklaryň mazmuny Sagdy adyndaky gaznasynyň mugallymlary tarapyndan halkara ülňülere laýyklykda taýýarlanan “Ilkinji ädim”, “Mina” we “Eýrany öwreniş” ýaly pars dilini öwredýän kitaplaryň esasynda düzülen.
Bu kurslaryň dürli derejelerinde dürli ýaşdaky 415 okuwçynyň pars dilini öwrenýändigini bellemek möhümdir
Filmler.