• Apr 15 2024 - 09:37
  • 65
  • Okamak üçin wagt : 1 minute(s)

Aşgabatda kalligrafiýa we altyn çaýmak boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi

Mübärek Remezan aýynda Aşgabat şäherinde Gurhan Kerim bilen baglanyşykly kalligrafiýa we altyn çaýmak boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi.

Mübärek Remezan aýynda Aşgabat şäherinde Gurhan Kerim bilen baglanyşykly  kalligrafiýa we altyn çaýmak boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi.

Mübärek Remezan aýynda 5-7 – nji aprel aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde Eýranly hünärmenler jenap Hadi Seýedhani we hanym Fätemeh Parastandeh Hiýalyň gatnaşmagynda Gurhan Kerim bilen baglanyşykly kalligrafiýa we altyn çaýmak boýunça ussatlyk sapaklary geçirildi.

Sungaty söýüjileriň gatnaşan bu ussatlyk sapagynda jenap Hadi Seýedhani we hanym Fätemeh Parastandeh Hiýal kalligrafiýa we altyn çaýmak sungatyny tanyşdyryp, nastalik hat ýazuwynyň ýazylyş usullaryny görkezdiler.

Ýurdumyzyň Yslama degişli sungatlaryň hususan-da kalligrafiýa sungatynda bütin dünýäde aýratyn orun eýeleýändigini we ýylyň dowamynda Medeniýet merkezde ruçka bilen kalligrafiýa sapaklarynyň geçirilýänligini göz öňünde tutsak bu ussatlyk sapagy sungat söýüjiler tarapyndan örän gyzgyn garşy alyndy.

Ashgabat Turkmenistan

Ashgabat Turkmenistan

Suratlar

Tekstiňizi giriziň we Enter düwmesini basyň

Şriftiň ululygyny üýtgetmek:

Sözleriň arasyndaky aralygy üýtgetmek:

üýtgetmek Setiriň beýikligini:

Syçanjygyň şablonyny üýtgetmek: